

TDHÇB-de söwdalar: «Gabardin» çig nah mata uly islegden peýdalandy
Penşenbe güni, 6-njy iýunda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda «Gabardin» çig nah mata uly islegden peýdalandy.


Penşenbe güni, 6-njy iýunda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda «Gabardin» çig nah mata uly islegden peýdalandy.


«Apple» kompaniýasynyň «iPhone 15 Pro Max» smartfony 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde iň köp satylan smartfon boldy.


Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 27 – 29-njy maý aralygynda geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşyjylary sylaglamak dabarasyny geçirdi.


Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy penşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ikisine käýinç yglan etdi.


Wenada Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işewirlik duşuşygy geçirildi. 5-nji iýunda, çarşenbe güni geçirilen Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisiniň gün tertibine deslapgy duşuşyklarda gazanylan netijeler girizildi. Mejlise iki ýurduň hökümet we işewür toparlarynyň 70-den gowrak wekilleri gatnaşdy. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow ýolbaşçylyk etdi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Belgiýanyň Daşary işler ministrliginiň köptaraplaýyn meseleler we ählumumylaşma boýunça baş syýasy direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Gislen D’Hupyň arasynda duşuşyk geçirildi.


ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasynda beýik rus şahyry Aleksandr Puşkiniň doglan gününiň 225 ýyllygy mynasybetli Rus diliniň güni geçirilýär. Russiýanyň bu guramanyň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Rinat Alýautdinow: “Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça platformasynda rus diliniň gününi açmaklyk meniň üçin uly mertebedir diýip, geçirilýän çärede belledi.


Gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda aýal-gyzlary goldamak ugrundaky tagallalarynyň çäginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy magistr derejesini almak üçin ikinji kabul edişligi yglan edilýär. Bu ajaýyp mümkinçilik ýaşaýyş jaýy, ulag we aýlyk talyp haky ýaly doly tölegli okuwy şertlendirýär. Bu maksatnama 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli Nemes-Gazak uniwersitetinde geçiriler.


5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär. Ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda döredildi we jemgyýete daşky gurşawyň ýagdaýy barada habar bermek üçin iň iri ählumumy platformalaryň birine öwrüldi.


Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti Aşgabatda gaty hojalyk galyndylaryny ýygnamak taslamasyny durmuşa geçirýär.


2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Brýussel şäherinde syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ÝB-Merkezi Aziýa ýokary derejeli dialogynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Tükmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi.


“Ynamly dellal” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazarynda öňdebaryjy hususy broker, şeýle hem “Aşgabat gazna biržasy” ÝPGJ-niň agzasy bolup durýar. (www.agb.com.tm).


«Ekspoforum» maslahat-sergi merkezinde dünýäniň iň iri we iň möhüm işewürlik wakalarynyň biri bolan Peterburg halkara ykdysady forumy öz işine başlady.


2024-nji ýylyň 19 – 22-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy ilkinji gezek geçiriler, «Turkmen Expo» HK bu çäräniň guramaçylarynyň biri hökmünde çykyş edýär.


Düýbi Lýuksemburgda ýerleşýän «Cargolux» ýük awiakompaniýasy Türkmenistana amala aşyrýan uçuşlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini yglan etdi.