HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Pariždaky Olimpiýa oýunlarynda medal gazananlar “Samsung”-yň kömegi bilen ýeňiş selfisini alýarlar

Awgust 05, 2024 | 09:37 |9496
Olimpiya oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy Pariž-2024 Olimpiýa oýunlarynyň medal gowşurylyş dabarasynda ulanmak üçin “Galaxy Z Flip6 Olympic Edition” smartfonyny hödürlär. Bu, türgenlere özboluşly ýeňiş selfi bilen ýatlamalaryny surata almana we paýlaşmaga mümkinçilik berer.Olimpiya oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy Pariž-2024 Olimpiýa oýunlarynyň medal gowşurylyş dabarasynda ulanmak üçin “Galaxy Z Flip6 Olympic Edition” smartfonyny hödürlär. Bu, türgenlere özboluşly ýeňiş selfi bilen ýatlamalaryny surata almana we paýlaşmaga mümkinçilik berer.
Çeşme: news.samsung.com

Olimpiya oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek Günorta Koreýanyň “Samsung” kompaniýasy Pariž-2024 Olimpiýa oýunlarynyň medal gowşurylyş dabarasynda ulanmak üçin “Galaxy Z Flip6 Olympic Edition” smartfonyny hödürlär. Bu, türgenlere özboluşly ýeňiş selfi bilen ýatlamalaryny surata almana we paýlaşmaga mümkinçilik berer.

Ozal oýun meýdançasynda el telefonlary ýaly şahsy zatlara rugsat berilmeýärdi, şonuň üçin türgenler medallaryny alanda surata düşüp bilmeýärdiler.

Aýry-aýry medal gazananlar we iki türgenden köp bolmadyk toparlary sylaglamak dabarasynda ýeňiş selfisi rugsat edilýär. Şol bir wagtyň özünde, medal gazananlaryň hersine nädip we haçan surata düşmelidigi barada görkezmeler berilýär. “Samsung” kompaniýasynyň tehnologiýasynyň hünärmenleri sportçylaryň selfisini sport görnüşleri boýunça tertiplär we şondan soň olary Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) “Atlet365” web sahypasyna ýüklär.

Pariždaky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň her biriniň aljak “Samsung Galaxy Z Flip6” smartfonynyň ýörite Olimpiýa wersiýasy aýratyn hyzmatlar we peýdaly goşundylar bilen üpjün edilýär. Hususan-da, türgenler Oýunlaryň tertibini ýerine ýetirip, Olimpiýa desgalaryna aňsatlyk bilen syýahat edip bilerler ýa-da Olimpiýa oýunlarynyň resmi mobil oýunlaryndan lezzet alarlar.

Mundan başga-da, her bir smartfon “Orange” operatory tarapyndan üpjün edilen 5G ulgamda 100 Gb internet bukjasyny mugt ulanmak mümkinçiligi bolan eSIM bilen enjamlaşdyrylandyr.

“Resmi taýdan satuwa çykmazyndan ozal akylly we kuwwatly “Galaxy Z Flip6” türgenlere synag üçin ulanyp görmäge mümkinçiligiň döredilmegi biziň üçin uly abraý” – diýip, “Samsung Electronics” kompaniýasynyň mobil tehnologiýa bölüminiň marketing bölümçesiniň ýolbaşçysy Stefani Çoý aýtdy.

“Samsung” kompaniýasy 1998-nji ýyldaky Nagano gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňisyrasynda Bütindünýä Olimpiýa hyzmatdaşy boldy. Şondan bäri “Samsung” kompaniýasy innowasion ykjam tehnologiýalary, dünýädäki Olimpiýa jemgyýetiniň, türgenleriň we janköýerleriň aragatnaşyk we maglumat paýlaşmak usulyny üýtgetdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026