HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Isleseňiz – ynanyň, islemeseňiz – ynanmaň, ýöne wiktorinamyzyň 4-nji tapgyry iň soňky tapgyr bolar

Awgust 03, 2024 | 01:20 |72556
Şeýlelik bilen, “Eksport işi” atly akyl bäsleşiginiň soňky tapgyryna hem golaýlaşdyk.Şeýlelik bilen, “Eksport işi” atly akyl bäsleşiginiň soňky tapgyryna hem golaýlaşdyk.
Çeşme: shutterstock

Bu gezek hem “Şeýlelik bilen...” diýlen köpmanyly söz bilen başlalyň.

Şeýlelik bilen, “Eksport işi” atly akyl bäsleşiginiň soňky tapgyryna golaýlaşdyk.

Şeýle-de bolsa, synagçy-uçarmanlar, suw astynda ýüzýänçiler, harbylar we töwekgelçilik bilen bagly beýleki kärleriň wekilleri “soňky” diýlen sözi halamaýarlar. Belki, geňdirem, emma bu tutanýerli däp bilen baglanyşyklydyr.

Akyl bäsleşiginiň dowamynda köp zat üýtgäp durdy – soraglar, dalaşgärler, ýeňijiler... Üýtgemän galan ýeke zat – wiktorinaň özi bolup, ýylyň dowamynda ýuwaşlyk bilen, şol bir wagtda erjellik bilen özüniň soňuna golaýlaşýardy.

Şeýlelik bilen, bu gün, 3-nji awgustda, sagat 00:00-dan başlap, şol günüň sagat 24:00-a çenli, ýagny bir günüň dowamynda, bellige alnanlaryň iki dürli jogaby bolan 30 soraga jogap bermäge mümkinçiligi bolar. Jogaplaryň biri dogry jogapdyr.

Gepiň gerdişine görä, ýetişmedikler hem, bellige alnyp, ondan soňra gözrkezilen senäň soňky minudyna çenli soraglara jogap berip bilerler.

Bu gezekki gatnaşyjylarynyň arasyna ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan täze atlaryň goşulmagy hem begendirjidir.

“Eksporty ösdürmek” atly bölümimiziň maglumatlarynyň arasynda saklanylýan edebiýatlarda dogry jogap gözlemekde öz bilimlerini we başarnyklaryny barlap görüp, birnäçe gezek öz-özleri we bäsdeşleri bilen akyl söweşiniň ýoluna çykanlar hem haýran galýar.

Dolandyryjylaryň, işewür-seljerijileriň we eksport edýänleriň, şeýle-de mugallymlaryň, talyplaryň we mugallymlaryň arasynda biziň baý gorlarymyzyň yzarlaýjylary bardyr. Bu birleşige biraz öňüräk internet we tele-žurnalistler hem goşulyşdy. Umuman aýdylanda, üýtgeşik we edermen topar emele geldi.

Gadymy Gresiýada ýeňşi alamatlandyrýan "Nika" Hudaýy kimiň bagtyny çüwdürerkä? Oňa Gadymy Rimiň Wiktoriýa atly ýeňşiň Hudaýy hem laýyk gelýändir. Onuň ady bize örän ýakyndyr. Onuň sebäbi näme-kä?

Üç gezekden biljek boluň, ýöne munuň üçin sowgat ýa-da baýrak göz öňünde tutulan däldir.

Emma sowgatlary wiktorinamyzyň 4-nji tapgyrynyň ýeňijileri alarlar. Tutuş oýun boýunça rehimsiz ýöne adalatly emin agzalarynyň saýlan ýeňijisi arzyly baş baýragyň eýesi bolar.

Ony bolsa indiki hepdäniň Şenbe güni gowşurmak meýilleşdirilýär.

Ýene bir gezek ýatladýarys, “Eksport işi” – bu ORIENT saýtynyň hem-de USAID-iň Merkezi Aziýada söwda maksatnamasynyň bilelikdäki döreden "Eksport ekoulgamyny ösdürmek" başlangyjynyň çäklerindäki taslamasydyr.

Şeýlelik bilen, isleseňiz – ynanyň, islemeseňiz – ynanmaň, şunluk bilen akyl bäsleşigimiz özüniň işini tamamlaýar, gysgaça aýdanyňda bu tapgyr – akyl bäsleşigiň soňy!

Soňky... ýagny iň soöky bu tapgyrda ähliňize üstünlik arzuw edýäris!

Бекдурды АМАНСАРЫЕВ

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026