HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý Günorta-Hytaý deňzinde täze gaz ýataklaryň üstüni açdy

Awgust 08, 2024 | 22:45 |11762
"China National Offshore Oil Corporation" (CNOOC) Günorta-Hytaý deňzinde möçberi 100 mlrd m3 barabar bolan tebigy gazyň ýataklarynyň üstüni açdy. TASS gullugynyň habar bermegine görä, bu barada "South China Morning Post" gazeti habar berdi."China National Offshore Oil Corporation" (CNOOC) Günorta-Hytaý deňzinde möçberi 100 mlrd m3 barabar bolan tebigy gazyň ýataklarynyň üstüni açdy. TASS gullugynyň habar bermegine görä, bu barada "South China Morning Post" gazeti habar berdi.
Çeşme: cnooc.com.cn

"China National Offshore Oil Corporation" (CNOOC) Günorta-Hytaý deňzinde möçberi 100 mlrd m3 barabar bolan tebigy gazyň ýataklarynyň üstüni açdy. TASS gullugynyň habar bermegine görä, bu barada South China Morning Post gazeti habar berdi.

Onuň berýän maglumatlaryna görä, bu açyş 2024-nji ýylyň iýun aýynda amala aşyryldy, bu hepde bolsa ýerli häkimiýetler kompaniýanyň arzasyna garap, gaz ýatagyny bellige aldylar. Oňa Lingshui 36-1 at goýlup, ol Haýnan adasyndan günorta-gündogarynda ýerleşýär. Bu ýerdäki deňziň ortaça çuňlugy 1,5 müň m barabar bolup, gaz käni deňiz düýbünden 210 m çuňlukda ýerleşendir.

Kompaniýa onýyllyklaryň dowamynda Günorta-Hytaý deňzinde nebit we gaz serişdeleriniň gözleg işlerini geçirdi. Birnäçe iri gaz ýataklar tapylyp, häzirki wagtda bu ýerdäki umumy subut edilen gazyň ätiýaçlyk gorlary 1 trillion m3 möçberinde artdy. Hytaý dünýäde tebigy gazyň iň iri import edijisi hasaplanylýar. 2023-nji ýylda ol umumy bahasy 64,3 mlrd $ barabar bolan bu ýangyjyň gaz halyndaky görnüşiniň hem-de suwaldylan tebigy gaz görnüşiniň 120 mln tonnasyny import etdi.

Hytaý Halk Respublikasyna turba geçirijiler arkaly gazyň iň iri üpjün edijileri bolup Türkmenistan, Russiýa we Mýanma çykyş etdiler. Şol bir wagtyň özünde Hytaý suwaldylan tebigy gazynyň iň köp mukdaryny Awstraliýadan, Katardan we Russiýa Federasiýasyndan import etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026