Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyrjak saparynyň düzüminde 50 sany ýapon kompaniýasynyň wekilleri bolar


Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kişidanyň ýakyn wagtda Merkezi Aziýa ýurtlaryna boljak saparynyň düzümine 50-ä golaý kompaniýanyň wekilleri girer. Bu barada hökümet çeşmelerine salgylanyp Ýaponiýanyň NHK World jemgyýetçilik teleýaýlymy habar berdi.
Ýapon kompaniýalarynyň ýerli kompaniýalar bilen esasan dekarbonizasiýany ösdürmek (kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak) we sanly lukmançylyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kişidanyň sapary anna güni başlaýar. Saparyň çäginde Gazagystan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy ýaly birnäçe ýurda baryp görmegi meýilleşdirýär.
Soňky 20 ýylyň dowamyda Ýaponiýa Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýokary derejeli gepleşikler geçirdi we dialoglara gatnaşdy.
Ýaponiýa bu ýurtlar bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we olar bilen döwlet we hususy pudaklardaky taslamalarda işlemek arkaly ykdysady howpsuzlygyny güýçlendirmek isleýär.
ORIENT news








