Habarlar

Türkmenistan kynçylykly gonan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň dikuçaryny gözlemäge ýardam bermäge taýýarTürkmenistan kynçylykly gonan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň dikuçaryny gözlemäge ýardam bermäge taýýar

Türkmenistan kynçylykly gonan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň dikuçaryny gözlemäge ýardam bermäge taýýar

Türkmenistan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň dikuçaryny gözlemekde Eýrana kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi. “Türkmenistan Eýrana Gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçaryň «kynçylykly gonmagy» sebäpli zerur bolan kömegi bermäge taýýar” – diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdiTürkmenistanyň Prezidenti Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

18-nji maýda, şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäre geçirdiTürkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäre geçirdi

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäre geçirdi

Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda 2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainada akkredetirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň maşgala agzalarynyň klubynyň, Ukrain diplomatlarynyň maşgala agzalarynyň klubynyň we Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň garamagyndaky Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça Baş döwlet kärhanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda çäre geçirdi.

Brýusselde Merkezi Aziýanyň we Karib deňziniň ýurtlarynyň ilçileriniň ilkinji duşuşygy geçirildiBrýusselde Merkezi Aziýanyň we Karib deňziniň ýurtlarynyň ilçileriniň ilkinji duşuşygy geçirildi

Brýusselde Merkezi Aziýanyň we Karib deňziniň ýurtlarynyň ilçileriniň ilkinji duşuşygy geçirildi

Brýusselde Merkezi Aziýanyň, Mongoliýanyň we Karib deňziniň ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň ilkinji resmi däl duşuşygy geçirildi, bu duşuşygy taryhy diýip atlandyrmak bolar. Belgiýada işleýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Mongoliýanyň ilçileriniň başlangyjy esasynda geçirilen duşuşyk sebitara hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny aňladyp, söwda-ykdysady we pudaklaýyn hyzmatdaşlygyny giňeltmekde tejribe alyşmaga, şeýle hem sebitara we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirildi.