

Ýaponiýada 6G ulgamynda maglumatlary 100 Gbit/с tizlik bilen geçirdiler
Ýaponiýadaky kompaniýalar topary altynjy nesil öýjükli aragatnaşyk ulgamlary üçin dünýäde ilkinji ýokary tizlikli sim geçirijisiz ulgamyň synagyny amala aşyrdy.


Ýaponiýadaky kompaniýalar topary altynjy nesil öýjükli aragatnaşyk ulgamlary üçin dünýäde ilkinji ýokary tizlikli sim geçirijisiz ulgamyň synagyny amala aşyrdy.


2028-nji ýylda Russiýanyň uçarlarynda Wi-Fi peýda bolar. Bu barada RF-iň sanly ösüş ministri Maksut Şadaýew Nižniý Nowgorodda geçýän “Senagat Russiýasynyň sanly senagaty —2024” atly maslahatda aýtdy.


Balkanabadyň Çagalar suratkeşlik mekdebiniň okuwçysy Hatyja Gurbanowa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelerden ruhlanyp, nusgawy şahyryň suratyny çekdi.


Belarusuň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý žurnalistler bilen söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitledi diýip, BELTA habar berýär.


Anyk bilemok, ýöne türkmen paýtagty dünýäde iň çalt ösýän şäherleriň biri diýip hasaplaýaryn. Mundan başga-da elbetde Arkadag şäheri sanlyja ýyllarda çalt depginde gözümiziň alnynda gurlan we Merkezi Aziýanyň ilkinji akylly şäher diýen ada eýe boldy.


Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň wekilleri 13-24-nji maý aralygynda Belgiýanyň Brýugge şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň diplomatlary we resmi adamlary üçin Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň meseleleri boýunça guralan ýörite okuw maslahatyna gatnaşdylar.


Şu gün Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, paýtagtyň Köpetdag etrabynyň Ankara köçesinde ýerleşýän 142-nji ýangyç guýujy bekedi düýpli durky täzelenip ulanylmaga berildi.


Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Muhammetnur Owezow Türki Dünýäsiniň işewirleri Assosiasiýasynyň (TÜRKGİAD) ýolbaşçylary bilen duşuşdy.


22-nji maýda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nebithimiýa önümleri we gurluşyk materiallary ýerlenildi.


23-nji maýda, penşenbe güni, Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda gidrawlyk ýagy we nah ýüpligi ýerlenildi.


24-nji maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenko, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşit Kuçkarow, Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki edaralarynda hemişelik doly ygtyýarly wekili, ilçi Razmik Humarýan, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow 24-nji maýda GDA agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Döwlet baştutany olar bilen özara gatnaşyklar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ýakyn geljek üçin häzirki ugurlary barada pikir alyşdy.


GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň 24-nji maýda, anna güni türkmen paýtagtynda geçirilen mejlisinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Şeýle hem Hökümet baştutanlary Bedenterbiýe we sport geňeşine başlangyjy durmuşa geçirmäge gönükdirilen 2024-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.


21 – 27-nji maý aralygynda Türkiýede we daşary ýurtlarda «Türk aşhanasynyň hepdeligi» halkara maksatnamasy durmuşa geçirilýär.


Keramiki plitalary we sanfaýans önümleri öndürýän täze, döwrebap zawoda işgärleri işe kabul etmek boýunça çäreleriň başlangyjyna badalga berildi. Kärhana, öziniň jebis toparynyň bir bölegi bolmaklyga taýýar şeýle-de onuň ynamly ösüşine goşant goşjak, maksadaokgunly, tejribeli we sowatly hünärmenleri gözleýär