HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kabulda Owganystanyň çäginde TOPH taslamasy boýunça işleriň başlanylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Awgust 15, 2024 | 19:20 |11227
Kabulda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow hem-de "TAPI Pipeline Company Limited" kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdylar.Kabulda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow hem-de "TAPI Pipeline Company Limited" kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdylar.
Çeşme: mfa.gov.af

Kabulda Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow hem-de "TAPI Pipeline Company Limited" kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystanyň çäginde TOPH turba geçirijisiniň dowam etdirilmegine taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary işler ministri Owganystanda TOPH turba geçirijisiniň gurulmagy onuň ýurdy üçin ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, degişli owgan edaralary taslama boýunça öz işlerini tamamladylar diýip aýtdy.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilşi ýaly, Muttaki Owganystanda TOPH boýunça teribe işleriniň ýakyn wagtda başlajakdygyna umyt bildirdi.

Türkmen tarapy hem öz serhedinden başlap turba geçirijisiniň gurluşyna taýýardygyny tassyklap, ýakyn wagtda bu işleriň başlanylmagyna garaşylýar diýip belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026