

Gollandiýaly kompaniýalar Türkmenistana oba hojalygy boýunça hünärmenleriniň jogap saparyny amala aşyrmagy meýilleşdirýärler
Gollandiýadaky ýurduň bähbitlerine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow, Gollandiýaly kompaniýalara oba hojalyk pudagynda söwda we halkara işewürligini ösdürmäge kömek edýän abraýly halkara guramasy "East-West Trade" guramasynyň dolandyryjy müdiri Muhammet Reza Maşadi bilen duşuşdy. Duşuşyga häzirki wagtda bu guramanyň geňeşçisi bolup işleýän Gollandiýanyň Gazgystandaky öňki ilçisi Piter wan Lewen hem gatnaşdy.



















