HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý respublikanyň döredilmeginiň 75 ýyllygyny belleýär

Sentýabr 30, 2024 | 15:49 |9025
1-nji oktýabrda Hytaýda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen gününi belleýärler. Bu ýyl respublikanyň döredilen gününiň 75 ýyllygy bellenilýär.1-nji oktýabrda Hytaýda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen gününi belleýärler. Bu ýyl respublikanyň döredilen gününiň 75 ýyllygy bellenilýär.
Çeşme: sportedu.by

1-nji oktýabrda Hytaýda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen gününi belleýärler. Bu ýyl respublikanyň döredilen gününiň 75 ýyllygy bellenilýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň döredilen güni – bu esasy döwlet baýramçylygy bolup, ol 1949-njy ýyldan başlap her ýyl bellenilip gelinýär.

Baýramçylyk güni Pekinyň baş meýdançasynda (Týananmen) HHR-iň Döwlet baýdagy galdyrylýar. Hut şu meýdançada 1949-njy ýylda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň lideri Mao Szedun Hytaý Halk Respublikasynyň döredilendigi barada yglan etdi.

Häzirki wagtda bu baýrmaçylygyň başga atlary hem bar. Ol “1-nji oktýabr mynasybetli uzak dynç alyş” ýa-da “Altyn hepde” diýlip atlandyrylýar, sebäbi dabaraly çäreler we baýramçylyklar 8-nji oktýabra çenli dowam edýär!

Häzirki wagtda hytaý halky üçin bu möhüm baýramçylyk hasaplanylýar. Dabaranyň geçirilýän günlerinde Hytaýyň ähli şäherleriniň köçeleri gyzyl baýdaklar, hytaý çyrajyklary we janly güllerden ýasalan ägirt uly kompozisiýalar bilen bezelip, dabaraly saz we feýerwerkler bilen utgaşdyrylan köpçülikleýin halk gezelençler geçirilýär.

Ýekşenbe güni Pekindäki Halk mejlisler öýünde Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygynyň şanyna konsert geçirildi.

Oňa HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Hytaýyň beýleki partiýa we döwlet ýolbaşçylary gatnaşdy.

Özgertmeler we açyklygyň syýasatynyň geçirilmegi bilen Hytaý dünýäde iri senagat öndürijileriniň birine, iri söwda ýurduna, iri walýuta gorlary bolan we ykdysadyýet boýunça ikinji ýerde duran ýurda öwrülip, uzakmöhletleýin durmuş durnuklylygy bilen çalt depginli ykdysady ösüşiniň täsinligini amala aşyrmagy başardy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni

21:13 Iýun 24, 2026
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026