HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen «Geljegiň şäherleri» atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy

Oktýabr 01, 2024 | 09:05 |11597
30-njy sentýabrdan 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan “Geljegiň şäherleri” atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy. Türkmen tarapyna sammitda çykyş eden Awaza etrabynyň häkimi Döwlet Jumaýew wekilçilik etdi.30-njy sentýabrdan 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan “Geljegiň şäherleri” atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy. Türkmen tarapyna sammitda çykyş eden Awaza etrabynyň häkimi Döwlet Jumaýew wekilçilik etdi.
Çeşme: BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy

30-njy sentýabrdan 1-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan “Geljegiň şäherleri” atly şäher häkimleriniň sammitine gatnaşdy. Türkmen tarapyna sammitda çykyş eden Awaza etrabynyň häkimi Döwlet Jumaýew wekilçilik etdi.

Şeýle hem foruma BMG-nyň Ženewadaky edarasynyň (UNOG) baş müdiri Tatýana Walowaýa we UNECE-iň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan gatnaşdy. Gatnaşanlara BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterresiň wideo ýüzlenmesi görkezildi.

D.Jumaýew öz çykyşynda Türkmenistanyň durnukly şäher ösüşi ugrundaky üstünliklerini gürrüň berdi we durmuşyň hilini ýokarlandyrmaga we ilat üçin döwrebap şertleri döretmäge gönükdirilen üstünlikli taslamalary paýlaşdy.

01102024-turkmenistan-v-sammite-merov (2).jpg

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek we Türkmenistanyň milli durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynda durmuşa geçirmekde alnyp barýan işleri bellenildi.

Şäher meýilnamasy we durnukly ösüş pudagynda öňdebaryjy çözgütleriň ulanylmagynyň mysaly bolan “akylly şäher” Arkadag şäheriniň taslamasyna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem ol dynç alyş we sagaldyş üçin döwrebap infrastruktura eýe bolan Hazar deňziniň kenaryndakyn “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy bilen tanyşdyrdy.

01102024-turkmenistan-v-sammite-merov (3).jpg

Türkmenistanyň wekiliýeti iki möhüm mesele – suw baýlyklaryny dolandyrmak we şäherli ýaşlaryň ösüşi boýunça halkara dialogyny başlatmagy teklip etdi: Hususan-da, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň howandarlygynda suw baýlyklaryny dolandyrmak üçin täze hukuk guraly döretmek, şeýle hem akylly Arkadag şäherinde ýaşlaryň halkara duşuşygyny geçirmek teklip edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026