Duşanbede Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygyny bellediler


2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.
Resmi kabul edişlige söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara komissiýasynyň täjik tarapynyň başlygy, Täjigistan Respublikasynyň premýer-ministri jenap Sulaýmon Ziýozoda, Täjigistan Respublikasynyň DIM-niň wekilleri, Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Namoýandagon Majlisi Oli deputatlary, Duşanbede akkreditirlenen daşary ýurtly diplomatlar, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym we medeniýet işgärleri, žurnalistler, Täjigistan Respublikasynyň welaýatlarynda türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi A.Goçmyradow ýygnanlara ýüzlenip, türkmen we täjik halklarynyň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary iki ýurduň iň täze taryhynda öz yzygiderli ösüşini tapýandygyny belledi.
Täjigistan bilen taryhy we medeni gatnaşyklara esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de ýakynda iki ýurduň Baştutanlarynyň derejesinde geçirilen saparlaryň wajyplylygyna aýratyn ähmiýet berildi.
Şeýle-de ilçi ýurtlaryň arasynda köpugurly gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklaýan strategik hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky Jarnamanyň gol çekilendigi barada belledi. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ulag taslamalarynyň we medeni alyş-çalyşyň ösdürilmegini öz içine alýar. Bu bu bolsa özara düşünişmegiň berkidilmegine mümkinçilik berýär.
Duşanbede akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, täjik ylmy we medeni intelligensiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkyna gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýolladylar. Däp boýunça dabara gatnaşan myhmanlar türkmen aşhanasynyň iň gowy tagamlaryny dadyp, olaryň türkmen milli aýdym-sazlary bilen tanyşmaga mümkinçiligi boldy.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitap eserleri, Magtymguly Pyragynyň goşgy ýygyndylary, suratkeşlik eserleri we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary – haly önümleri we şaý-sepleri ýerleşdirilen ýörite sergi guraldy.
ORIENT news








