Habarlar

CNPC we Türkmenistan: Hytaýyň nebit uniwersitetiniň hünärmenleri taýýarlamak boýunça täze taslamasyCNPC we Türkmenistan: Hytaýyň nebit uniwersitetiniň hünärmenleri taýýarlamak boýunça täze taslamasy

CNPC we Türkmenistan: Hytaýyň nebit uniwersitetiniň hünärmenleri taýýarlamak boýunça täze taslamasy

Ýakynda Pekin şäherindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Dabara täze okuw ýylynyň başlanmagy, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Meşhur heýkeltaraş Zurab Seretelliniň “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara festiwalyna gatnaşyjylaryna gutlag söziMeşhur heýkeltaraş Zurab Seretelliniň “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara festiwalyna gatnaşyjylaryna gutlag sözi

Meşhur heýkeltaraş Zurab Seretelliniň “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara festiwalyna gatnaşyjylaryna gutlag sözi

Şu ýylyň 28-nji oktýabr – 3-nji noýabr aralygynda geçiriljek Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazlary” VIII Moskwanyň halkara festiwalynyň başlanmagyna bir aýdan az wagt galdy. Festiwalyň guramaçylarynyň we oňa gatnaşyjylarynyň adyna gutlaglar gelip gowuşýar. Meşhur gruzin we rus suratkeşi, heýkeltaraşy we pedagogy Zurab Seretelli hem öz ýakymly gutlag sözlerini ýollady. Aşakda onuň gutlagy dolulygyna getirilen.

Türkmenistan we BSG ýurduň agzalygy boýunça taýýarlyk hereketlerini utgaşydyrdylarTürkmenistan we BSG ýurduň agzalygy boýunça taýýarlyk hereketlerini utgaşydyrdylar

Türkmenistan we BSG ýurduň agzalygy boýunça taýýarlyk hereketlerini utgaşydyrdylar

Duşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmak boýunça departament müdiri Maýk Oşikawanyň ýolbaşçylygyndaky BSG-niň wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar zerur bolan çäreleriniň esasy tapgyrlaryny we meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, Türkmenistanyň BSG-niň agzalygyna girmeginiň taýýarlyk işlerini utgaşdyrdylar.