HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda mekdepleriň we çagalar baglarynyň arasynda bäsleşik yglan edildi

Noýabr 11, 2024 | 11:10 |7264
Türkmenistanda “Iň ýaşyl mekdep” we “Iň ýaşyl çagalar bagy” bäsleşigi yglan edildi.Türkmenistanda “Iň ýaşyl mekdep” we “Iň ýaşyl çagalar bagy” bäsleşigi yglan edildi.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanda “Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep” we “Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy” bäsleşigi yglan edildi.

Bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy ýaşyl guşaklara büremek, ýaş ösüp gelýän nesli daşky gurşawy goramak işine çekmek syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşik üç tapgyrda geçer. Birinji tapgyry 14-15-nji noýabrynda etrap we şäher derejelerinde geçiriler.

Birinji tapgyryň ýeňijilerine Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 21-22-nji noýabr aralygynda geçiriljek bäsleşigiň welaýat derejesi garaşýar.

Jemleýji tapgyrda welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerniň iň gowulary duşuşarlar. Jemleýji tapgyr 28-29-njy noýabra meýilleşdirildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin bilim berýän edaranyň öz çäginde we töwereginde bag we ösümlikleri ekmek, ýaşyl guşaklara büremek işini beýan edýän foto surat bukjalary we wideo ýazgylary taýýarlanylmaly. Hödürlenýän işler bilim berýän edarada we onuň daşynda arassaçylygyň berjaý edilişini hem açyp görkezmeli.

Bäsleşigiň eminler topary çagalarda ekologiýa medeniýetini terbiýelemek, çagalar baglarynda we mekdeplerde bag ekmek işine okuwçylaryň we terbiýe alýan çagalaryň ene-atalarynyň çekilmegi boýunça baha goýarlar. Şeýle-de ýöriteleşdirilen gurnagyň bezeg işleri bahanaldyrylar.

Bäsleşigiň ýeňijileri hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026