Türkmenistanyñ türgenleri 10 aýyñ dowamynda halkara ýaryşlarda 538 medala eýe boldular
Olaryñ 174-i altyn, 150-si kümüş we 214-i bürünç medallardyr.
Olaryñ 174-i altyn, 150-si kümüş we 214-i bürünç medallardyr.


Şeýlelikde, 16-njy noýabrda jemleýji dabaranyň, ýagny TÜRKSOÝ guramasyna gatnaşyjy-ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň we türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.


Týananmen meýadançasynda badalga alan 2024-nji ýylyň Pekin marafony 30 müňe golaý gatnaşyjyny, şol sanda görüş we ses bozulmalary bolan adamlary jemledi. Bu barada China Daily habar berýär.


Ýewropanyñ Täzeleniş we Ösüş banky Türkmenistanyñ welaýatlarynda telekeçiler we hususy kompaniýalaryñ ýolbaşçylary üçin mugt okuwlary gurady. Işgärleri dolandyrmak boýunça hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnama oktýabr aýynda dört welaýatda geçirildi: Maryda (14-nji oktýabr), Balkanabatda (21-nji oktýabr), Daşoguzda (24-nji oktýabr) we Türkmenabatda (30-njy oktýabr).


Azerbaýjanda ulag-kommunikasiýa holdingi döredildi (AZCON).


ABŞ-nyň 60-njy prezident saýlawlarynda Donald Trampyň ýeňşinden soň, amerikan işewüri Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky dünýäniň iň baý on adamsynyň baýlygy bir gije-gündizde 63,5 mlrd-dan gowrak amerikan dollar artdy. Bu gündeki ösüşiň rekord görkezijisidir.


8-nji noýabrda, anna güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty we nebit-himiýa önümleri satyn alyndy.


8-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Takesi Iwaýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynda Russiýa Federasiýasynyň Halk artisti, “Ýürege çagyryş” atly görmeýän we göreji pes çagalar üçin haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy we ýolbaşçysy Diana Gurtskaýa bilen duşuşyk geçirildi.


8-10-njy noýabr aralygynda Astanada (Gazagystan) geçirilỳän sambo boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji gününde Türkmenistanly türgenler üstünlik gazanyp, iki bürünç medala mynasyp boldylar.


Şu hepde Berlinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Duşuşyk Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrliginde geçirildi. Türkmen wekiliýetine Wise-premýer Batyr Atdaýew ýolbaşçylyk etdi


Çärä halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem resmi adamlar hem-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri, şol sanda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekiliýetleri gatnaşdy.


Turkish Airlines (THY) 2024-nji ýylyň birinji 9 aýy boýunça maliýe netijelerini neşir edip, girdejiniň ep-esli derejede artandygyny görkezdi. Maglumatlary köpçülikleýin ýaýma Platformasynda getirilen maglumatlara laýyklykda, kompaniýa rekord üstünligine ýetip, bellenilen döwür üçin 88,9 mlrd türk lirasy (takmynan 3,068 mlrd amerikan dollar) möçberinde arassa girdeji aldy.


Melburn uniwersitetiniň (Awstraliýa) bioinženerleri ýumşak beýni düzüminden süňk we kekirdewük ýaly has gaty düzümlere çenli adam dokumalarynyň takyk nusgalaryny çap edip bilýän 3D-bioprinteri işläp taýýarladylar. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy habar berýär.


Şanhaýda import harytlarynyň 7-nji Hytaý halkara sergisi açyldy. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär. Serginiň guramaçylary hökmünde HHR-iň Täjirçilik ministrligi hem-de Şanhaýyň Halk hökümeti çykyş edýär. Şu ýyl EKSPO 129 ýurtlardan we sebitlerden, şol sanda Fortune Global 500 sanawyndaky 297 kärhanasyndan 3496 eksponaty jemledi. Bu bolsa serginiň taryhyndaky täze rekord.