HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

UNICEF-yñ Türkmenistandaky wekili ýurtda uny demir we fol turşysy bilen baýlaşdyrmak işi bilen tanyşdy

Dekabr 07, 2024 | 09:45 |6695
BMG-niñ Çagalar gaznasynyñ (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Ahal welaýatyndaky çörek bişiriji kombinatyna baryp gördi.BMG-niñ Çagalar gaznasynyñ (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Ahal welaýatyndaky çörek bişiriji kombinatyna baryp gördi.
Çeşme: instagram.com/unicef_turkmenistan

BMG-niñ Çagalar gaznasynyñ (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Ahal welaýatyndaky çörek bişiriji kombinatyna baryp gördi.

Jalpa Ratna toplumyñ barlaghanalarynyñ işi bilen tanyşdy, uny demir we fol turşysy bilen baýlaşdyrmak işine syn etdi.

Şeýle-de Jalpa Ratna netijede her maşgalanyñ saçagyna baryp ýetýän mineral bilen baýlaşdyran undan çöregiñ bişirilişini gördi.

Mundan başga-da, UNICEF-iň topary çörek bişiriji kombinatynyñ beýleki bölümlerine baryp gördi, şol sanda un üweýän we gaplaýjy bölümleriniñ işi bilen tanyşdy.

1996-njy ýyldan bäri UNICEF Türkmenistan hökümetine una goşulýan premiks goşundylaryny satyn almakda goldaw berýär. Türkmenistan sebitde uny baýlaşdyrmak maksatnamasyny başlan ilkinji ýurtdy, häzirki wagta çenli bu ugurda Merkezi Aziýanyñ öñdebaryjy ýurdy bolmagynda galýar.

2006-njy ýylda bu formula fol turşysy goşulyp, şondan bäri Türkmenistanda öndürilýän ähli bugdaý uny fol turşysy we demir bilen baýlaşdyrylyp, ilatyñ bu zerur iýmit mikroelementlerinden iñ gowy ýagdaýda peýdalanmagyny üpjün edýär.

Bugdaý uny witaminler we minerallar bilen baýlaşdyrmak işi mikroelement ýetmezçiligi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, ýagny gan ýetmezçiligi hem-de iýmit bilen bagly saglyk görkezijilerini gowulandyrmak üçin barlagdan geçen, howpsuz we ykdysady taýdan netijeli strategiýa hasaplanylýar. Bütin dünýäde esasy iýmit önümleriñ baýlaşdyrylmagy ilatyñ saglyk ýagdaýynyñ gowulandyrylmagy we öndürijiliginiñ ýokarlandyrylmagy arkaly ýurduñ ykdysadyýetine hem ähmiýetli oñyn täsirini ýetrýändigi subut edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026