HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Dekabr 06, 2024 | 10:35 |10208
2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi.2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi.
Çeşme: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Kent döwlet uniwersitetiniň (ABŞ) arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde geçirildi.

Duşuşyga Kent döwlet uniwersitetiniň Global bilim boýunça wise-prezidenti, doktor Marselo Fantoni, Kent döwlet uniwersitetiniň Binagärlik we daşky gurşawyň dizaýny fakultetiniň dekany, professor Mark Mistur, Kent döwlet uniwersitetiniň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça direktoryň orunbasary Reýçel Mandi, Kent döwlet uniwersitetiniň professory Paulo Mussi Augusto, Kent döwlet uniwersitetiniň global bilim bölüminiň programma dolandyryjysy we Ýewraziýa strategiýasy boýunça direktory Aýýa Hudaýbergenowa hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda bilim we ylym ulgamyndaky aragatnaşygy berkitmek, okuw-usuly we ylmy maslahatlaryň, seminarlaryň gurnalmagy, bilelikde ylym, okuw we binagärlik taslamalaryny amala aşyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, duşuşykda iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda iki diplom maksatnamasy barada maslahatlaşylyp, bu ugurda geljekde bilelikde işleri alyp barmak ylalaşyldy.

1910-njy ýylda mugallymçylyk mekdebi hökmünde esaslandyrylanyndan bäri Kent döwlet uniwersiteti sebitde we ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda esasy uniwersitet hökmünde ykdysady, medeni we işçi güýjüni ösdürmek üçin hereketlendiriji güýç bolup durýar. Kent döwlet uniwersiteti dowamly bilim kurslarynyň we başga-da köp aýratynlygy bilen hyzmat edýän jemgyýetleriniň we umuman jemgyýetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin täze bilimleri ulanmak bilen meşhurlyk gazandy. Häzirki wagtda alty sany türkmen talyby Kent döwlet uniwersitetinde bilim alýar.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, ylym-bilimi global düşünişmek ýoly bilen ösdürmek boýunça edilýän tagallalaryň bir bölegidir.

Amanmyrat Arazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026
Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

17:42 Iýun 26, 2026