HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Geçirijilik akymy artýar: türkmen-özbek serhedindäki gümrük nokadynyň kuwwatyny iki esse artdyrdy

Dekabr 05, 2024 | 16:30 |10214
4-nji dekabrda Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinde “Farap awtoýollary” gümrük nokadynyň täze binalarynyň we desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Düýpli durky täzelenen soň desga halkara söwda we üstaşyr geçiş üçin strategiki taýdan möhüm baglanyşyga öwrüldi4-nji dekabrda Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinde “Farap awtoýollary” gümrük nokadynyň täze binalarynyň we desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Düýpli durky täzelenen soň desga halkara söwda we üstaşyr geçiş üçin strategiki taýdan möhüm baglanyşyga öwrüldi
Çeşme: customs.gov.tm

4-nji dekabrda Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinde “Farap awtoýollary” gümrük nokadynyň täze binalarynyň we desgalarynyň açylyş dabarasy boldy. Düýpli durky täzelenen soň desga halkara söwda we üstaşyr geçiş üçin strategiki taýdan möhüm baglanyşyga öwrüldi.

05122024-tamozhennyj-post-farap (2).jpg

Durkyny täzelemek işleri infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga we gümrük nokatlaryna sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden ornaşdyrmaga gönükdirilen gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyryldy. Bu çäreler, möhüm ulag merkezi hökmünde ornuny güýçlendirýän ýurduň çäginden geçýän üstaşyr-ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

05122024-tamozhennyj-post-farap (3).jpg

Gümrük nokadynyň geçirijilik kuwwaty iki esse ýokarlandy: indi iki tarapa öňki 250 awtoulagyň ýerine derek indi günde 1000 awtoulaga çenli (her ugurda 500) hyzmat edip bilýar. Şeýle göwrümleri üpjün etmek üçin gümrük nokadynyň umumy meýdany 5,2 gektardan 10 gektara çenli giňeldild we täze gümrük barlag meýdançalary birwagtyň 16 awtoulag serişdelerine gümrük barlagyny geçirmäge mümkinçilik berýär.

Gümrük nokadynyň döwrebaplaşdyrylmagy öz içine sanly ulgam tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny öz içine alýar, bu bolsa wagty azaltýar we gümrük amallaryny çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda bellenildi.

05122024-tamozhennyj-post-farap (1).jpg

“Farap awtoýollary” gümrük nokadynyň durkunyň täzelenmegi halkara ýük daşamagyň artýan göwrümini goldaýar we sebit söwdasyna esasy gatnaşyjy hökmünde Türkmenistanyň ornuny güýçlendirýär. Durky täzelenen gümrük nokady ykdysady hyzmatdaşlygy höweslendirmek we Merkezi Aziýada ulag ýollaryny ösdürmäge itergi berip, diňe bir ýurt üçin däl, eýsem goňşulary üçinem peýdaly harytlaryň üstaşyr geçişini çaltlaşdyrmak üçin şertleri döredýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026