

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 31 geleşik baglaşyldy
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 31 geleşik hasaba alyndy.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 31 geleşik hasaba alyndy.


Ýewropada ykjam aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamy dörediler. “Aý yşygy” (Moonlight) atly degişli maksatnama Milanda Ýewropa älem agentligi tarapyndan girizildi.


“KTZ Express” kompaniýasy hyzmatdaşlary bilen bilelikde Altynkol – Žetygen – Altynkol ugry boýunça iki hatarly ýüklenen konteýnerli synag otlusynda ýük daşaldy. Ýük daşamagyň bu görnüşi Gazagystanyň taryhynda ilkinji gezek amala aşyryldy diýip, “kapital.kz” habar berýär.


18-nji oktýabrda, anna güni Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şansi welaýatynyň dolandyryş merkezi Siýan şäherinde bilelikde “Luban” ussahanasyny döretmek boýunça Şansi bilen Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.


Gadymy Goňurdepede şäherinde (Mary welaýatynda) geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde aýyň şekili we üç ýyldyz ýerleşdirilen häsiýetli möhüri tapyldy, bu Türkmenistanda tapylan astronomiki desganyň iň köne şekili bolmagy ahmal. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň etnologiýa we antropologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, rus-türkmen Margiana arheologiki ekspedisiýasynyň ýolbaşçysy Nadežda Dubowanyň sözlerine salgylanyp TASS habar berdi.


Eýýäm ikinji ýyl bäri biziň ýurdumyzda küşt boýunça milli çempionatyň welaýat saýlama tapgyrlary geçirildi. Her tapgyryň netijelerine görä, 2025-nji ýylda Türkmenistan çempionatynyň I ligasyna gatnaşmak üçin her welaýatdan iň oňat 10 küştçi saýlanar.


Aşgabatda 18-19-njy oktýabr aralygynda “Änew — türki dünýäniň medeni paýtagty — 2024” maksatnamanyň çäginde Türki dünýäsiniň ýazyjylaryň forumy we TÜRKSOÝ-nyň Ýazyjylar birleşiginiň mejlisi geçirildi.


29-njy Halkara maslahaty we sergisi Aşgabatda 23-25-nji oktýabr aralygynda geçiriler.


Üçünji tapgyra, türkmen woleýbolçylary Täjigistan toparyny 3-0 hasabynda ýeňdi (25:14, 25:18, 25:14).


20-nji oktýabrda (ýekşenbe) Wladimir Baýramowyň şägirtleri ýerli “Al-Hamriýa” kluby bilen duşuşdy. Bu duşuşyk “Arkadag” klubynyň 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy Maldiwler toparyny 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi


Şenbe güni Yragyň Energetike ministri Ziad Ali Fadel Türkmenistan bilen gündelik 20 million kub metr gaz iberilmegini üpjün etmek baradaky ylalaşyga gol çekilendigini habar berdi.


2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de dalaşgärleriň «Türkmen sazşynaslyk ylmynyň derwaýys meseleleri» atly ylmy we okuw-usuly maslahaty geçirildi.


Aeronawtika we kosmos giňişligindäki barlaglar boýunça milli gullugynyň (NASA) alymlary, Günüň iň ýokary işjeňlik döwrüniň 11 ýyllyk aýlawyň başlandygyny resmi taýdan tassykladylar. Bu barada kosmos gullugynyň web sahypasynda habar berildi.


Halkara Harby Sport Geňeşiniň (CISM) Brýusselde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen guramanyň Baş sekretary harby deňiz güýçleriniň kapitany Roberto Rekkýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda CISM-iň işleri, başlangyçlary we guramanyň howandarlygynda geçirilen halkara sport çärelerine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.