

Moskwada – «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag sergisi we forumy geçirildi
19-21-nji noýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde – «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag sergisi we forumy geçirildi


19-21-nji noýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde – «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag sergisi we forumy geçirildi


Milli jemgyýetçilik bileleşigi “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi” Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen, “Türkmenistanyň zähmet bazarynyň hususy pudagynda zenanlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak” maksatnamasynyň başlandygyny habar berýär.


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.


Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ähliumumy adamzadyň ruhy gymmatlyklarynyň hazynasyna goşan goşandy” ady bilen Ukrainanyň medeniýet, sungat we bilim işgärleriniň, Şewçenko etrap medeniýet bölüminiň wekilleriniň we Söwda-senagat palatasynyň wekilleriniň, Ylmy-barlag ulgamynyň işgärleriniň, daşary ýurt ilçileri we diplomatlarynyň, Kiýew şäheriniň milli kitaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, şahyrlaryň, ýazyjylaryň, terjimeçileriň we kitap neşirçileriň, kompozitorlaryň, orta mekdepleriň ýolbaşçylarynyň, aýdym-saz we sungat mekdepleriniň mugallymlarynyň, ýokary okuw jaýlarynyň we metbugat wekilleriniň, türkmen kowmunyň we talyplarynyň gatnaşmagynda medeni çäresi geçirildi.


Döwlet Baştutanymyz 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


Italiýanyñ Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyñ Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowyñ Italiýa Respublikasynyñ Daşary işler ministriniñ orunbasary Edmondo Çirielli, şeýle hem Italiýanyñ Daşary işler ministrliginiñ wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi


22-nji noýabrda, anna güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda ýeñil senagaty önümleri satyldy.


Anna güni Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde möhüm bir waka – MAFTUR (MAFTUR - Mission Archéologique Franco-Turkmène) türkmen-fransuz arhelogiýa ekspedisiýasynyň 30 ýyllygy we meşhur Ulugdepäniň arhelogiki ýadygärliklirine bagyşlanan hemişelik serginiň açylyş dabarasy boldy. Bu çärä biziň ýurdumyzda işleýän ilçiler, halkara guramalaryň wekilleri, meşhur medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, alymlar, žurnalistler we telewideniýäniň habarçylary çagyryldy


Şu ýyl, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, Gündogaryň akyyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli dabaralaryň geçirilmegi dowam etýär


22-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinolarynyň gününiň dabaraly açylyşy geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň filmleri hödürlenildi


10 ýaşdan 14 ýaşa çenli çagalar çagyrylýar


Ýaryş welosipedleriniň gowşurylyşy resmi duşuşykda bolup geçdi, şol ýerde BAE-nyň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň başlygy Döwlet Annaýewe gowşurdy.


“Belavia” Belarusyň döwlet howa kompaniýasy göni gatnawlaryň hem-de Minskde durup münýän ýolagçylar üçin 50 % çenli arzanlaşyklary yglan etdi. Bu barada howa kompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp BELTA habar berýär.


Türkmenistanyň milli ýygyndy topary, Bahreýn döwletiniň Isa Town şäherinde geçirilen Dewisiň kubogynyň sebit ýaryşynyň açylyş oýunlarynda iki sany möhüm ýeňiş gazandy. “B” toparynda türkmen tennisçileri Makao we Mongoliýa toparlaryny şol bir hasap bilen ýagny 2:1 hasabynda üstün çykdylar.