

Türkmenistan bilen Russiýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen 6-njy dekabrda Moskwada duşuşdy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen 6-njy dekabrda Moskwada duşuşdy.


7-nji dekabrda Moskwada geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisine resminamalaryň saldamly bukjasy taýýarlandy. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministri sişenbe güni türkmen kärdeşi bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi.


Kredit ýa-da debet plastik kartlaryndaky pul serişdelerine altyn teňňeleri satyn almaga mümkinçilik berýän dünýädäki ilkinji bankomat Hindistanyň Haýdarabat şäherinde müşderilere hyzmat edip başlady. Bu barada, Goldsikka kompaniýasynyň Twitterdäki maglumatlaryna salgylanmak bilen, RIA Nowosti habar berýär.


Aşgabat täze ýyl baýramy mynasybetli bezenip ugrady. Köçelerde, seýilgählerde yşyklandyrylan bezeg gurnamalar peýda bolýar, Türkmenistanyň baş arçasyny bolsa, adatça paýtagtyň “Alem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnaýarlar. Eýýäm 15-nji dekabrda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we paýtagtyň myhmanlarynyň öňünde owadan bezelen ýaşyl gözellik peýda bolar. Şol gün arçada baýramçylyk yşyklary ýakylar we täze ýyl çärelerine badalga beriler.


Aşgabatda her ýyl dekabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilýän “Gujurly ýaşlar-2022” sergisi açyldy. Sergide zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda ýylyň dowamynda birnäçe gezek sergileriň, bäsleşikleriň we beýleki medeni çäreleriň geçirilýän häzirkizaman sergi giňişligine öwrülen döredijilik YOM-niň talyplarynyň we mugallymlarynyň iň gowy işleri görkezilýär.


Kazanyň Federal Uniwersitetiniň alymlary neýroblastomanyň (merkezi nerw ulgamynyň düwnük keseliniň) derman serişdelerine garşylygyny has takyk kesgitleýän synag ulgamyny döretdiler. Bu barada RIA Nowosti agentligi Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrligine salgylanyp, habar berýär.


ABŞ-nyň Baltimor şäherinde ýerleşýän Bütindünýä söwda merkezinde geçiriljek «Ortaky geçelge: deňiz portlary we uçarly ýük daşamalary arkaly ykdysadyýeti birleşdirmek» atly halkara maslahatynda Hazarüsti halkara ulag ugruny işjeňleşdirmegiň we ony ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada Trend maglumatlar agentligi habar berýär.


Benziniň we dizel ýangyjynyň bahalarynyň elýeterliligi boýunça halkara sanawynda Türkmenistan öňdebaryjy orny eýeledi. Bu barada GlobalPetrolPrices neşiri habar berýär.


«Turkmentelekom» elektrik-aragatnaşyk kompaniýasy türkmen web saýtlarynyň esaslandyryjylaryna ýörite wirtual serwerlerde (VDS) web sahypalaryny ýerleşdirmek üçin hostingiň täze döredilen görnüşini ulanmagy teklip edýär.


8-nji dekabrda «Türkmenaragatanşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda şol mekdebiň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda, gujurly-gaýratly, ugurtapyjy ýaşlary kemal getirmek we olarda sporta bolan söýgüni ösdürmek maksady bilen «Sagdyn nesil – röwşen geljege badalga» atly sport çäresi geçirildi.


Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Halkara Bitaraplyk gününe «Dünýä nusgawy teatr eserleriniň hepdeligi» atly döredijilik çäresini guraýar – diýip, ministrlikde ORIENT-e habar berdiler.


Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we bölümleriniň wekilleri Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň (HMG) tertipsiz migrasiýa bagyşlanan wideoaragatnaşygy arkaly okuw sapagyna gatnaşdylar.


ABŞ-nyň Döwlet departamenti söwdany gowulandyrmak, suw we energiýa çeşmelerini dolandyrmak, şeýle hem howpsuzlygy güýçlendirmek maksady bilen, C5+1 görnüşi boýunça Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat gullugyna salgylanyp, «Trend» agentligi habar berýär.


5-nji dekabrdan başlap, «Altyn Asyr» öýjükli operatorynyň ähli müşderileri üçin täze internet bukjalary elýeterli boldy.


Mary şäheriniň Zähmet we iş üpjünçiligi müdirligi 9-njy dekabrda boş iş orunlarynyň çäresini geçirer – diýip, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň saýty habar berdi.