HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýanwaryň ahyrynda güýçli sowuklardan soň Türkmenistanda howanyň maýlamagyna garaşylýar

Ýanwar 23, 2023 | 20:24 |5118
Şu hepdäniň birinji ýarymynda Türkmenistanda aýazly howanyň saklanmagyna garamazdan, ýanwaryň ahyrynda howanyň maýlamagyna garaşylýar – diýip, “Meteožurnal” habar berýär.Şu hepdäniň birinji ýarymynda Türkmenistanda aýazly howanyň saklanmagyna garamazdan, ýanwaryň ahyrynda howanyň maýlamagyna garaşylýar – diýip, “Meteožurnal” habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Şu hepdäniň birinji ýarymynda Türkmenistanda aýazly howanyň saklanmagyna garamazdan, ýanwaryň ahyrynda howanyň maýlamagyna garaşylýar – diýip, “Meteožurnal” habar berýär.

Şeýlelikde, duşenbe we sişenbe günleri ýurt boýunça gijesine howanyň temperatursay -5...-10° bolar, käbir etraplarda -9...-14° derejä ýeter. Gündizine Türkmenistanyň çäginde howanyň temperaturasy -2...+3° dereje, günorta-günbatarda +6° çenli maýlamagyna garaşylýar.

Hepdäniň ortasynda howa gündizine -1...+4° çenli, günortada +2...+7° gradusa çenli maýlap ugrar. Gijesine temperatura Türkmenistanyň köp böleginde -4...-9°, käbir ýerlerinde -8...-13° çenli sowuk bolar.

Hepdäniň ikinji ýarymynda garşylyklaýyn siklonyň gündogara geçmegi bilen, howanyň maýlamasy dowam eder. Ýöne demirgazykda temperatura ozalkysy ýaly minus derejede bolmagynda galar.

Penşenbe güni Türkmenistanyň günortasynda howa +2...+7° çenli, käbir ýerlerde +9° çenli maýlar. Ýurduň demirgazygynda bu görkeziji 0...+5° derejä ýeter. Gijesine etraplaryň köpüsinde howanyň temperaturasy -3...-8°, käbir ýerlerde bolsa 7...-12° çenli bolar.

Soňra has maýyl bolar. Anna güni temperatuta gündizine demirgazyk Türkmenistanda 0...+5°, günbatar we günorta etraplarda howa +3...+8°, käbir ýerlerde +11° çenli maýlar. Gijesine howanyň temperaturasy -2...-7°, käbir ýerlerde -6...-11° çenli bolar.

Dynç güni gijesine 0...-5°-den käbir ýerlerde -4...-9°, ýurduň günortasynda -2...+3° bolar. Gündizine Türkmenistanyň günortasynda +6...+11°, käbir ýerlerde +9...+14° gradus maýlar. Ýurduň demirgazygynda agdyklyk edýän temperatura +2...+7° bolar.

Şeýle hem şu hepde Türkmenistanyň çäginde ýagyn ýagmagyna garaşylmaýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026