

Alžir 2023-nji ýylda BRIKS guramasyna agza bolmagy ahmal
Alžiriň Prezidenti Abdulmajid Tebbun ýurduň indiki ýyl BRIKS guramasyna agza bolmagyna umyt bildirdi – diýip, Lenta.ru habar berýär. Bu gurama agza bolmak barada 7-nji noýabrda ýüz tutulandan soň Russiýa, Hytaý we Braziliýa muny goldadylar – diýip, Afrika döwletiniň baştutany belledi.



















