

Türkmenistan Eýranda geçýän täsirli zenanlarynyň ilkinji halkara Maslahatyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekilleri täsirli zenanlaryň Eýranda geçirilýän birinji halkara Maslahatyna gatnaşýarlar – diýip, Eýranyň Maglumatlar agentligi habar berýär.


Türkmenistanyň wekilleri täsirli zenanlaryň Eýranda geçirilýän birinji halkara Maslahatyna gatnaşýarlar – diýip, Eýranyň Maglumatlar agentligi habar berýär.


Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty we USAID miweli bagçylygy we tokaýçylygy döretmegiň usullary boýunça gollanma taýýarlaýarlar – diýip, USAID tarapyndan ýaýradylan maglumatda habar berilýär.


Astrahan oblastynyň port aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezi peýda bolar. Onuň döredilmegi baradaky we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama anna güni AGPJ “Türkmenistanyň ulag-logistika merkeziniň” baş direktory Merdan Bäşimow we “AYZ Lotos” PJ-nyň başlygy Sergeý Miluşkin tarapyndan gol çekildi.


Aşgabatda bolan türkmen-russiýa işewürlik forumynyň çäklerinde ýurtlaryň arasynda ulag babatyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan tegelek stol geçirildi.


Paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde Türkmenistanyň iki palataly parlamentiniň - Milli Geňeşiň bilelikdäki mejlisi jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda açyldy- diýip, TDH habar berýär.


Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy - diýip, bu çärä gatnaşan Tatarystan Respublikasynyň prezidentiniň resmi saýty habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow RF-nyň premýer-ministri Mihail Mişustin bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda Russiýa Federasiýasy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi – diýip, Russiýanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.


HHR-nyň başlygy Si Szinpin Hytaýyň raýatlaryny Ýetip gelýän Bahar baýramy bilen gutlamak üçin şahsy onlaýn aragatnaşykda söhbetdeşlik geçirdi. Bu ýyl Hytaýda Täze ýyl 22-nji ýanwarda başlanýar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustiniň ikiçäk we giňeldilen düzümdäki duşuşyklarynyň netijeleri boýunça 10 resminama gol çekildi – diýip, RF-nyň hökümetiniň saýty habar berýär.


Hytaýyň Aerokosmiki ylymlar we tehnologiýalar korporasiýasy 200-den gowrak älem apparatlaryny orbita çykarmagy meýilleşdirýär, olaryň arasynda 3 sany ätiýaçlyk hemra bolar, şeýle hem 2023-nji ýylda ol 60 raketa göterijini uçurar – diýip, Sinhua habar berýär.


Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy – diýip, RF-nyň resmi saýty habar berýär.


Aşgabatda geçen türkmen-rus biznes-forumynyň çäklerinde türkmen we russiýa kompaniýalary 150 mlrd rus rublyna deň bolan ($2,17 mlrd - RF-nyň MB-nyň 20-nji ýanwardaky hümmeti boýunça) şertnamalara gol çekdiler – diýip, RF-nyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine salgylanyp, TASS habar berýär.


Türkmenistan we Astrahan oblasty Hazar hünär derejesiniň reýestrini döretmeklige gatnaşyp bilerler, ol ýerli iş berijileriň ýörite okuw mekdepleri üçin hünär bilim maksatnamalaryny işläp düzmäge gatnaşmaklaryny göz öňünde tutýar. Öz gezeginde, talyplar hem Türkmenistanda, şeýle hem Astrahanda hereket edýän kärhanalarda degişli başarnyklary ednip bilerler.


Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.


Şu gün paýtagtymyzda geçirilýän türkmen-russiýa işewürler forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewürler toparlarynyň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen çäreler boldy.