HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

27 nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Fewral 27, 2023 | 22:55 |6971
Welaýat häkimleri welaýatlaryň ekin meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.Welaýat häkimleri welaýatlaryň ekin meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.
Çeşme: Watan

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Welaýat häkimleri welaýatlaryň ekin meýdanlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde tekizlemek we geriş çekmek işleri dowam edýär hem-de welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine taýýarlyk görülýär.

Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly taýýar edildi. Welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär, şeýle hem ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek baglaryň ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şeýle hem welaýat häkimleri ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, häkime bugdaý ekilen ýerlerde ideg işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda gurulmagy göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işlerini gözegçilikde saklamagy häkimlere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň nahallaryny hem-de olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda geçirilýän ideg işlerini, şeýle hem welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işleri gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026