

Azerbaýjan 2023-nji ýylda YHG-ne başlyklyk etmegi kabul etdi
Azerbaýjan 2023-nji Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) başlyklyk etmegi kabul etdi diýip, sişenbe güni YHG-niň baş sekretary Husraw Noziri žurnalistlere aýtdy.


Azerbaýjan 2023-nji Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) başlyklyk etmegi kabul etdi diýip, sişenbe güni YHG-niň baş sekretary Husraw Noziri žurnalistlere aýtdy.


Özbegistanyň paýtagty duşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriň geňeşiniň 26-njy mejlisini kabul edýär. Forumda Türkmenistanyň wekiliýetine ýurduň Ministrler Mabinetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk edýär diýip, “Dünýo” habarlar agentligi habar berýär.


Belorussiýanyň informatika we radioelektronika döwlet uniwersiteti öz talyplaryndan indiki okuw ýylynda daşary ýurtda, şol sanda Türkmenistanda okamak üçin ýüz tutmalary kabul edýär. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy habar berýär – diýip, Belarus Segodnýa gazeti ýazýar.


«Türkmenenergonyň» başlygy we Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS)-nyň baş direktory 2023-nji ýylda türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana iberilmegini uzaltmak hakynda ylalaşyga gol çekdiler – diýip, Owganystanyň Suw we energiýa üpjünçilik işleri boýunça ministrliginiň Twitterdäki sahypasyna salgylanyp, TASS habar berýär.


Pekin uniwersitetiniň alymlar ýer titremeler tarapyndan emele getirilen seýsmiki tolkunlaryň traýektoriýasyny seljerdiler we 2009-njy ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda Ýeriň içerki gaty ýadrosynyň aýlanmagy haýallady we häzir, ähtimal, düýbünden beýleki tarapa aýlanyp başlady – diýip, Nature Geoscience saýtynda çap edilen ylmy-barlagda aýdylýar.


FlyDubai awiakompaniýasy Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkmenistana uçuşlary ýatyrandan üç ýyla golaý wagtdan soň ilkinji ýolagçy uçuşyny amala aşyrdy.


Türkiýaniň Aşgabatdaky wiza merkezi özüniň resmi saýtynda Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan wizalaryň dürli görnüşlerini almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny dört dilde çap etdi.


Belarus Respublikasy işewürligiň we döwlet edaralarynyň wekillerini 2023-nji ýylyň 13-nji aprelinden 15-nji apreli aralygynda Minskide boljak «ОТДЫХ-2023» 25-nji halkara bahar ýarmarkasyna çagyrýar – diýip, BR-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.


«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň awtoulag mekdepleriniň Birleşigi resmi saýtynda sürüjilik okuwlaryna ýazylmagyň täze nyrhlaryny çap etdi. Ýazylyşygyň bahasy diňleýjiniň sürüjilik şahadatnamasynyň haýsy derejesini almak isleýändigine baglydyr. Şu aşakdaky nyrhlardan islege görä saýlap bolýar:


Resminama laýyklykda Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Karara gol çekdi.


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
«Awatar 2: Suwuň ýoly» filminiň kassa ýygymlary $2 mlrd-dan geçdi, bu bolsa režisýýor Jeýms Kemerony absolýut rekordçy etdi, birbada 3 filmi $2 mlrd-dan gowrak gazanan we taryhda iň köp girdeji getiren ýeke-täk kino düşürýänçi etdi - diýip, Kino News ýazýar.


Türkmenistandan ýetginjek tennisçi gyz - Sülgün Işangulyýewa Dubaýda tamamlanan Dubai Bowl 2023 halkara ýaryşynda ikinji orny eýeledi. Kümüş baýragy almak ugrunda ol Fransiýadan, Belgiýadan, Bosniýadan we Gersegowinadan gelen bäsdeşlerinden üstün çykmagy başardy.


Dubaýda Atlantis The Royal ady bilen planetada iň gymmat myhmanhana açyldy, onuň gurluşygy $1,5 mlrd diýlip bahalandyrylýar. Onuň açylyşynda aýdymçy Beýons çykyş etdi we çykyşy üçin $24 mln aldy - diýip, Rambler.news habar berýär.


Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow karara gol çekdi, oňa laýyklykda her ýylky «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» Halkara ykdysady forumyny taýýarlamak we geçirmek baradaky respublikan guramaçylyk komitetini döretdi. Resminama respublikanyň hukuk maglumaty portalynda çap edildi.