HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

UNICEF Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen birlikde adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary goramak meseleleri boýunça seminar geçirdi

Mart 02, 2023 | 00:53 |2899
UNICEF Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen birlikde adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary mümkin boldugyndan ýeterlik derejede goramak üçin jogap çärelerini güýçlendirmek maksady bilen milli hyzmatdaşlary bolan döwlet we döwlete degişli däl guramalaryň 150-den gowrak hünärmeni üçin adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary goramak boýunça 4 günlük seminar geçirdi.UNICEF Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen birlikde adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary mümkin boldugyndan ýeterlik derejede goramak üçin jogap çärelerini güýçlendirmek maksady bilen milli hyzmatdaşlary bolan döwlet we döwlete degişli däl guramalaryň 150-den gowrak hünärmeni üçin adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary goramak boýunça 4 günlük seminar geçirdi.
Çeşme: UNICEF

UNICEF Türkmenistanyň Goranmak ministrligi bilen birlikde adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary mümkin boldugyndan ýeterlik derejede goramak üçin jogap çärelerini güýçlendirmek maksady bilen milli hyzmatdaşlary bolan döwlet we döwlete degişli däl guramalaryň 150-den gowrak hünärmeni üçin adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary goramak boýunça 4 günlük seminar geçirdi.

23-nji fewraldan 28-nji fewral aralygynda goranmak, bilim, saglygy goraýyş, sosial gorag, howpsuzlyk, ýerli dolandyryş we adatdan daşary ýagdaýlarda kömek bermek pudagy ýaly dürli pudaklaryň bilermenleri çagalara mahsus töwekgelçiliklere, çagalary goramagyň sosial-ekologik modellerine, çagalaryň adatdan daşary ýagdaýlara garşy durmak ukybyna we ş.m. degişlilikde naýbaşy halkara tejribeler we ülňüler boýunça tälim aldylar.

Seminara gatnaşyjylar ýerli geologiki we geografiki şertleriň çäginde ýüze çykyp biläýjek adatdan daşary ýagdaýlara degişli bolan amaly maşklara gatnaşdylar.

– “Islendik adatdan daşary ýagdaýlarda çagalaryň ömrüni we saglygyny goramak iň möhüm we ynsanperwer meseleleriň biridir. Adatdan daşary ýagdaýlarda biz çagalaryň howpsuzlygyny we olaryň esasy zerurlyklaryny üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmelidiris. Çagalary goramak diňe bir ene-atalaryň däl, eýsem ähli döwlet we hökümete dahylsyz, ýerli dolandyryş edaralarynyň, hususy edaralaryň borjudyr. Şonuň üçin, ähli degişli edaralaryň adatdan daşary ýagdaýlarda çagalary goramak jogapkärçiligine düşünmegi we öz borçlaryny ýerine ýetirmegi möhümdir" – diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea aýtdy.

Ýakynda Türkiýede bolup geçen güýçli ýer titremeler adam ömrüniň nähili ejiz we gowşak bolup biljekdigini ýene bir gezek görkezdi. Dünýäde adatdan daşary ýagdaýlaryň sany we agyrlygy barha artýar. Diňe soňky 20 ýylda tebigy betbagtçylyklar sebäpli, takmynan 3 million adam pida boldy. Olaryň üçüsinden biri çagady. Islendik tebigy betbagtçylykda çagalar ilatyň iň ejiz toparlarynyň hataryna girýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026