HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» 1-nji martdan täze arzanladyşlary yglan etdi

Mart 02, 2023 | 13:47 |12823
Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» JGPJ Türkmenbaşy-Baku (Alýat)-Türkmenbaşy  ugry boýunça awtoulagy geçirmekde 1-nji martdan başlap boljak täze arzanladyşlary yglan etdi.Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» JGPJ Türkmenbaşy-Baku (Alýat)-Türkmenbaşy  ugry boýunça awtoulagy geçirmekde 1-nji martdan başlap boljak täze arzanladyşlary yglan etdi.
Çeşme: ÝGPJ «Deňiz söwda floty»

Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» JGPJ Türkmenbaşy-Baku (Alýat)-Türkmenbaşy ugry boýunça awtoulagy geçirmekde 1-nji martdan başlap boljak täze arzanladyşlary yglan etdi.

Daşamagyň nyrhy bir tarapyna arzanladyşy göz öňünde tutmak bilen, 1000 amerikan dollaryna deňdir, iki tarapyny hem töläniňde bolsa daşamagyň bahasy 1 600 ABŞ-nyň dollaryna deň bolar. Täze çäre Türkmenistanyň üstaşyr-ulag mümkinçiliklerini ösdürmäge we Hazar deňzi boýunça haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» JGPJ-nyň Ro-Pax görnüşindäki iki paromy «Bagtyýar» we «Berkarar» bar. Bu görnüşdäki paromlar uly gämi bolup durýar, olar hem ýük awtoulaglaryny, hem ýolagçylary daşamak mümkinçiligini özünde utgaşdyrýar. Geçen 2022-nji ýylda «Deňiz söwda floty» JGPJ tarapyndan 22 müň awtoulag daşaldy.

2022-nji ýylyň 7-nji noýabryndan daşary ýurt we türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjilerine Türkmenistanyň çäginiň üstünden giriş, çykyş we üstaşyr geçmäge rugsat berlendigini hem ýatladýarys.

Goşmaça maglumat bilen mmf.com.tm saýtynda tanşyp bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026