Habarlar

Amerikan startapy asteroidlerden platina gazyp almagy meýilleşdirýärAmerikan startapy asteroidlerden platina gazyp almagy meýilleşdirýär

Amerikan startapy asteroidlerden platina gazyp almagy meýilleşdirýär

Älem startapy AstroForge asteroidlerde platina gazyp almak boýunça uçuşy amala aşyrmklyga taýýarlyk görýär. Synag uçuşyny eýýäm şu ýylyň aprel aýynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bu adamzadyň taryhyndaky ilkinji gezek asman jisimlerinden peýdaly gazylyp alynmalary almak synanyşygydyr. Iki sany älem apparatyny SpaceX Falcon 9 raketasy orbita çykarar – diýip, Bloomberg habar berýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII  gurultaýy geçirildi.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII  gurultaýy geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi.

Gurultaýyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini hem-de döwrüň möhüm wezipelerini nazarda tutup, Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek we beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan göçme sergi bilen tanyşdylar. Sergide häzirkizaman Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berilýär.