Türkiýede betbagtçylyklara seslenmegiň milli modeli girizilýär


«Türkiýäniň howplardan goranmagyň milli galkany» diýlip atlandyrylan bu ýurduň betbagtçylyklara seslenmegiň milli modeli işlenip düzüldi – diýip, Anadolu agentligi habar berýär.
«Türkiýäniň howplardan goranmagyň milli galkany» ýurduň ilatly ýerleriniň tebigy betbagtçylyklara, şol sanda ýer titremelerine, sil almagyna, süýşgüne, gurakçylyga we ýangyna garşy taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Başlangyç döwürde tutuş halkyň tagallalarynyň çekilmegini, her bir raýatyň tebigy betbagtçylyklar bilen göreşine konstruktiw garaýşy göz öňünde tutýar.
Türkiýäniň hökümetiniň ýanyndaky Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we netijelerini ýok etmek baradaky müdirligiň (AFAD) ýer titremeleri we howplary kemeltmek departamentiniň baş direktory professor Orhan Tatar bu düzümiň çendenaşa wajypdygyny belläp geçdi, sebäbi gysga wagtyň içinde ýurduň diňe bir ýer titremeden ejir çeken sebitleriniň däl, eýsem töwekgelçilik zolagynda ýerleşýän beýleki etraplarynyň hem seýsmiki durnuklylygyny ýokarlandyrmak zerur bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, betbagtçylyklara seslenmegiň milli modeli bu prossesi tizleşdirer we geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrar.
Betbagtçylyklara seslenmegiň «Türkiýäniň howplardan goranmagyň milli galkany» modeli boýunça birinji maslahat şu gün Stambulda “Dolmabahçe” köşgünde geçiriler.
Professoryň sözlerine görä, AFAD-ň ýer titremelerini monitoring etmek we bahalandyrmak Merkezinde hem Türkiýedäki, şeýle hem onuň golaýynda ýerleşýän 13 ýurtdaky yrgyldylar hasaba alynýar. Merkeze dünýädäki 1145 seýsmiki stansiýalardan maglumatlar gelýär.
«Şu günki güne çenli mümkin bolan tebigy betbagtçylyklaryň dowamynda howplary kemeltmek boýunça köp işler edildi, ýöne entäk hem etmeli zatlar köp» - diýip, AFAD-ň wekili sözüni jemledi.
ORIENT habarlar








