

Türkmen ştangaçysy Albaniýadaky ýetginjekleriň dünýä çempionatynda altyn medal gazandy
Türkmen agyr atletikaçysy Medine Amanowa Durresde (Albaniýa) geçirilýän 2023-nji ýylyňýetginjekler dünýä çempionatynda altyn medal gazandy.


Türkmen agyr atletikaçysy Medine Amanowa Durresde (Albaniýa) geçirilýän 2023-nji ýylyňýetginjekler dünýä çempionatynda altyn medal gazandy.


Pekinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Hytaýyň nebit uniwersitetiniň rektoryhanym Wu Sýaolin bilen duşuşdy.


Hytaýyň tehnologiki ägirdi bolan Alibaba Group Holding Ltd alty sany garaşsyz kiçi bölümleriň döredilmegi arkaly 2024-nji ýylyň dowamyndaky işewürligiň düzüminiň uly gaýtadan gurulmagyny yglan etdi – diýip, China daily habar berýär.


Geçen ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 77-nji sessiýasynda Türkiýe bilen BMG-niň 105 beýleki agza-ýurtlary tarapyndan hödürlenen «2030-njy ýyla çenli döwürde Durnukly ösüş babatynda Gün tertibini öňe sürmek üçin galyndysyz önümçilik boýunça başlangyçlary höweslendirmek»atly 77/161 rezolýusiýany kabul etdi.


«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda Aşgabat-London ugry boýunça awiabiletler satuwa çykaryldy. Bir tarapyna bileti 8 müň 706 manat 30 teňňä satyn alyp bolýar.


Täjirçilik taýdan işe girizilip başlan wagtyndan bäri Adriatiküsti turba geçirijisi (TAP) arkaly Ýewropa daşalýan gazyň möçberi 22 mlrd kub metre deň boldy– diýip, TAP-yň dolandyryjy direktory Luka Skýepattä salgylanyp, Trend habar berýär.


Golaýda App Store we Google Play ORIENT-iň goşundysynyň täzelenen wersiýasynyýükläp almak elýeterli boldy. Goşundyda we saýtda köp zatlar üýtgedi we biz indi ulanyjylar üçin täze girizilen zatlaryň haýsylarynyň elýeterlidigini ýene-de bir gezek ýatlatmagy ýüregimize düwdük.


Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýada görkezilen milli maglumat merkezleriniň wezipelerini amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Haldini kabul etdi, ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Sişenbe güni geçirilen duşuşygyň barşynda diplomat Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny ýetirdi.


Özbegistan Merkezi Aziýa sebitiniň syýahatçy Mekgesine öwrülýär. Muňa 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda bu ýurda gelen jahankeşdeleriň sanlara şaýatlyk edýär. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika boýunça agentligiň deslapky maglumatlaryna görä, bu ýurda syýahatçylyk maksady bilen iki aýda 871 000 daşary ýurt raýaty geldi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 2,7 esse köp, - diýip UzDaily.uz ýazýar.


15-nji martda Wengriýanyň Kişkunfeledhaze şäherinde meşhur wenger şahyry Şandor Petefiniň "Söýgi we azatlyk" atly poemasyndan parçanyň milli diline iň gowy terjimesi boýunça Halkara döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmen şahyry Akmyrat Rejepowyň ýiti galamyndan çykan bu bendi indi türkmen dilinde okamak bolar.


Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konsertlerine petekler elmydama gaty çalt satylýar. Maestro Rasul Klyçew – düzümiň ýolbaşçysy we orkestriň sazandalary bergili galmaýarlar we her gezek ajaýyp çykyşlary «berýärler». Bu gezek olar diňleýjilerini 9-njy aprelde paýtagtyň Mukamlar köşgünde sagat 19:00-da geçiriljek «çynlakaý» saz – «Dünýä simfoniki klassikleriniň ajaýyp eserleri» agşamyna çagyrýarlar.


Aşgabatda ýerleşýän «Altyn Täç» türkmen topary Daşkendäki AFL Kids halkara ýaryşynda çykyş edýär.


«Altyn täç» topary futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogyny gazandy. Final oýunda paýtagtyň kluby 4:2 hasabynda Marynyň «Olimp» komandasyny ýeňdi. Bu üstünlige oýunçylar Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygynda ýetdiler.


Saud Arabystany mukaddes Oraza aýynyň dowamynda gaýtadan umra amala aşyrmagy gadagan etdi. Bu mukaddes Oraza aýynda kiçi hajy amala aşyrmak isleýänler üçin ýurduň Haj we umra ministrligi tarapyndan çykarylan täze görkezmelerden gelip çykýar.