Türkmenistan hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýanyň maglumat merkezleri ulgamyna goşular


Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýada görkezilen milli maglumat merkezleriniň wezipelerini amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistan bu konwensiýa 2022-nji ýylyň noýabr aýynda goşuldy. Bu Ýewropa sebitinde bilim alan uçurymlara milli bilim ulgamynyň çäginde alymlyk derejesini almak üçin bilimini mundan beýläk hem dowam etdirmäge mümkinçilik berer. Resminama halkara syýasatyny we daşary ýurt bilimini ykrar etmekde öňdebaryjy çemeleşmeleri kämilleşdirmekde möhüm ädim bolup, konwensiýa gatnaşýan ýurtlar üçin zähmet bazaryna girişi ýeňilleşdirýär.
1997-nji ýylda Lissabonda gol çekilen Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky bu Konwensiýa agza ýurtlaryň arasynda maglumat alyş-çalşyny gowulandyrmagy göz öňünde tutýar.
Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi ÝUNESKO bilen Ýewropa Geňeşiniň Lissabon konwensiýasyny durmuşa geçirmek boýunça komitetiň maglumat merkezleri ulgamynyň işine gatnaşar.
ORIENT news








