Şandor Petefiniň poemasynyň iň gowy terjimesi boýunça bäsleşigiň ýeňijisi şahyr Akmyrat Rejepow Wengriýada baýraga mynasyp boldy


15-nji martda Wengriýanyň Kişkunfeledhaze şäherinde meşhur wenger şahyry Şandor Petefiniň "Söýgi we azatlyk" atly poemasyndan parçanyň milli diline iň gowy terjimesi boýunça Halkara döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmen şahyry Akmyrat Rejepowyň ýiti galamyndan çykan bu bendi indi türkmen dilinde okamak bolar.
Ýeňijileriň arasynda TÜRKSOÝ-yň beýleki agza döwletleriniň - Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň şahyrlary hem bar.
Baýrak gowşurylyş dabarasy wengriýaly şahyr Şandor Petefiniň doglan gününiň 200 ýyllygyna gabatlandy. Şu ýyl bu sene ýurtda medeni we döredijilik çäreleri bilen giňden bellenip geçilýär. Dürli ýerlerde geçirilen baýramçylyk çärelerine ýeňiji şahyrlar hem gatnaşdylar. Olar Budapeştdäki Şandor Petefiniň edebiýat muzeýine baryp gördüler, Ýassentlaslo we Morisgat obalarynda beýik şahyryň hormatyna bina edilen ýadygärlikleriň açylyş dabaralaryna gatnaşdylar.
Şeýle hem myhmanlar Wengriýanyň iň täze bilim ojagy bolan Jon fon Neýman uniwersitetine tanyşlyk saparyny amala aşyrdylar, ol ýerde uniwersitetiň üýtgeşik okuw meýilnamalary barada gürrüň berildi. Soňra gezelenç Şandor Petefiniň Keçkemet şäherinde ýerleşýän öýi bilen tanyşlyk arkaly dowam etdi. Häzir bu medeni platforma muzeýe öwrülip, ähli öý goşlary beýik şahyryň ýaşan wagtyndakysy ýaly üýtgewsiz galdyryldy.

Wengriýanyň mejlisiniň başlygynyň orunbasary, ýurtda diňe bir syýasatçy däl, eýsem meşhur şahyr hökmünde-de tanalýan Şandor Ležak Budapeştde bäsleşigiň ýeňijileri bilen duşuşdy. Ol kärdeşleri bilen TÜRKSOÝ-yň agza döwletleri bilen edebi gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegi we terjime işleri bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdy.
Akmyrat Rejepow üçin bu halkara derejesinde mynasyp bolan ilkinji baýragydyr. Şeýle-de bolsa, ol birnäçe gezek "Türkmeniň Altyn asyry" döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Onuň eserleri özbek, eýran we beýleki neşirlerde çap edildi, 2014-nji ýylda awtoryň goşgular ýygyndysy neşir edildi.
Ol terjimeçilik işi bilen köpden bäri meşgullanýar, şähyryň terjime etmeginde meşhur azerbaýjan, gazak, özbek, garagalpak we beýleki şahyrlaryň goşgularyny türkmen dilinde okamak bolar.
ORIENT news








