Saud Arabystany Oraza aýynda gaýtadan umra gitmegi gadagan etdi


Saud Arabystany mukaddes Oraza aýynyň dowamynda gaýtadan umra amala aşyrmagy gadagan etdi. Bu mukaddes Oraza aýynda kiçi hajy amala aşyrmak isleýänler üçin ýurduň Haj we umra ministrligi tarapyndan çykarylan täze görkezmelerden gelip çykýar.
Bu ädim beýleki zyýaratçylar üçin deň mümkinçilikleri bermäge, mukaddes borjuny ýerine ýetirmegiň barşynda olary rahat şertler bilen üpjün etmäge niýetlenendir.
Ministrlik şeýle hem «Nusuk» goşundysynyň üsti bilen umra üçin rugsat almaklygyň möhümdigini hem ýatlatdy. Birinji gezek görkezilen geliş senesini üýtgedip bolanok, ýöne zyýaratçylar ýokarda agzalan platformanyň üsti bilen ýüz tutmany ýatyryp bilerler.
Umrany (kiçi haj zyýaratyny) belli bir günlerde amala aşyrylýan haj zyýaratyndan tapawutlykda, ýylyň islendik wagty amala aşyryp bolýandygyny belläp geçmelidiris. COVID-19 pandemiýasyndan öň umra Saud Arabystanyna 19 milliona golaý zyýaratçyny çekipdi.
ORIENT habarlar








