HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BelTA: Belarusda GDA ýurtlarynyň amaly demografiýa boýunça halkara mekdebi geçiriler

Aprel 13, 2023 | 12:00 |9641
26-njy iýundan 1-nji iýula çenli Belarus döwlet uniwersitetinde GDA ýurtlarynyň amaly demografiýa boýunça halkara tomusky mekdebi geçiriler – diýip, BelTA habar berýär. Onuň gurnaýjylary bolup ýokary okuw mekdebiniň geografiýa we geoinformatika fakulteti çykyş edýär.26-njy iýundan 1-nji iýula çenli Belarus döwlet uniwersitetinde GDA ýurtlarynyň amaly demografiýa boýunça halkara tomusky mekdebi geçiriler – diýip, BelTA habar berýär. Onuň gurnaýjylary bolup ýokary okuw mekdebiniň geografiýa we geoinformatika fakulteti çykyş edýär.
Çeşme: cis.minsk.by

26-njy iýundan 1-nji iýula çenli Belarus döwlet uniwersitetinde GDA ýurtlarynyň amaly demografiýa boýunça halkara tomusky mekdebi geçiriler – diýip, BelTA habar berýär. Onuň gurnaýjylary bolup ýokary okuw mekdebiniň geografiýa we geoinformatika fakulteti çykyş edýär.

Mekdebe gatnaşmak üçin Arkalaşygyň agza-döwletlerinden ykdysadyýet we geografiýa hünärleriniň talyplary çagyrylýar. Munuň üçin olar «Jemgyýetiň gündelik durmuşynda we döwletiň ösüşinde demografiýanyň orny» atly temadan düzme (esse) ýazyp, bäsleşigiň saýlawyndan geçmeli.

Düzmäni ýüz tutma bilen birlikde gurnaýjylaryň salgysyna 12-nji maýa çenli ugratmaly.

Okuwyň çäklerinde belorus bilermenleriniň demografiki ösüşiň sosial-ykdysady netijeleri boýunça, demografiki faktoryň we onuň netijeleriniň jemgyýete we marketinge täsiri boýunça leksiýalaryna gatnaşarlar. Olar sosial syýasaty monitoring etmek we bahalandyrmak, amaly demografiýada geoinformasion tehnologiýalary peýdalanmak babatynda habardarlygy ýokarlandyrar. Mekdebiň maksatnamasy ArcGIS programma toplumynda işlemek boýunça, giňişlik maglumatlaryny geo-işlemek we mekdebiň tematikasy boýunça öz kiçi-taslamaňy işläp düzmek boýunça ussatlyk-sapaklaryny göz öňünde tutýar.

Diňleýjileriň Belarusyň Milli statistika komitetiniň açyk statistiki maglumatlar binýady bilen tanyşjakdyklaryny belläp geçmelidiris.

Umuman, mekdep tejribe alyşmakda we demografiýa ugrundan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda meýdança bolar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026