Habarlar

Dohada Türkmenistan bilen Kataryň arasynda atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldyDohada Türkmenistan bilen Kataryň arasynda atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Dohada Türkmenistan bilen Kataryň arasynda atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Doha şäherinde iki ýurduň wekilleri Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasynda atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşiklerde türkmen wekiliýetine Halk atşynasy we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew ýolbaşçylyk etdi. Iş sapary 5-10-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasynyň goldawynda geçirilýär.