HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dohada Türkmenistan bilen Kataryň arasynda atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Maý 10, 2023 | 01:55 |9579
Doha şäherinde iki ýurduň wekilleri Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasynda atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşiklerde türkmen wekiliýetine Halk atşynasy we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew ýolbaşçylyk etdi. Iş sapary 5-10-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasynyň goldawynda geçirilýär.Doha şäherinde iki ýurduň wekilleri Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasynda atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşiklerde türkmen wekiliýetine Halk atşynasy we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew ýolbaşçylyk etdi. Iş sapary 5-10-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasynyň goldawynda geçirilýär.
Çeşme: предоставлено Международной академией коневодства им. Аба Аннаева

Doha şäherinde iki ýurduň wekilleri Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasynda atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşiklerde türkmen wekiliýetine Halk atşynasy we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew ýolbaşçylyk etdi. Iş sapary 5-10-njy maý aralygynda Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasynyň goldawynda geçirilýär.

2.jpg

Gürrüň atlary köpeltmek, çapyksuwar mekdebi, weterinariýa arassaçylygy, lukmançylyk we atçylyk sportyna gözegçilik etmek barada boldy. Atçylyk pudagynda bilim maksatnamalary we bu pudakda işlemek üçin hünärmenleri taýýarlamak hem türkmen we arap bilermenleriniň mejlisiniň mowzugy boldy.

Hususan-da, taraplar hünärmen atşynaslary taýýarlamak bilen meşgullanýan öňdebaryjy uniwersitetleriň tejribesini we ülňülerini göz öňünde tutup, iň gowy okuw usullaryny hem-de meýilnamalaryny gözden geçirdiler. Aýratyn mesele, Türkmenistanyň atçylyk pudagynda-da, oba hojalygynda-da isleg bildirýän başarnykly weterinarlary taýýarlamagyň zerurlygy boldy.

IMG_20230510_013511.jpg

Doha iş saparynyň çäginde Türkmen wekiliýeti Katar döwletiniň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti Bader Mohammed Al Darwiş we «Gelejegiň atşynaslary» atçylyk tälim merkeziniň müdiri Abdulla Mohammed Al Marri bilen gepleşikler geçirdi. Taraplar atlary köpeltmek we münmek, tejribe alyşmak, şeýle hem atşynaslar we çapyksuwarlar üçin bilelikdäki çäreleri hem-de türgenleşikleri geçirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026