HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝUNISEF Türkmenistana konteýnerli kislorod enjamlaryny berdi

Maý 10, 2023 | 10:39 |9228
BMG-niň çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy ýurdumzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine üç sany konteýnerli kislorod enjamlaryny berdi – diýlip, bu guramanyň metbugat habarynda aýdylýar.BMG-niň çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy ýurdumzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine üç sany konteýnerli kislorod enjamlaryny berdi – diýlip, bu guramanyň metbugat habarynda aýdylýar.
Çeşme: unicef.org

BMG-niň çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy ýurdumzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine üç sany konteýnerli kislorod enjamlaryny berdi – diýlip, bu guramanyň metbugat habarynda aýdylýar.

Bu enjamlary eýýäm Aşgabatdaky Türkmenistanyň Ýokanç keselleriň öňüni alyş we bejeriş merkezinde we Şikesleri bejeriş halkara merkezinde ulanýarlar. Şeýle hem olary Ahal welaýatynyň Tejen şäher hassahanasynda ýerine ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar.

«Gutudaky kislorod kärhanasy» ady bilen belli bolan gurluşlar innowasion çözgütdir we lukmançylyk kislorodynyň uly mukdaryny öndürmäge niýetlenendir. Ony eýýäm edara getirilenden soňra birnäçe günüň dowamynda ulanmak bolýar.

Enjamyň üpjün edilmegi bilen, gurnamak üçin gerekli bolan abzallary, oturtmak we tehniki hyzmat etmek boýunça hyzmatlary, şeýle hem işgärleriň «kärhana» bilen işlemäge tejribe toplamagy üçin başlangyç okuwy öz içine alýar.

Kisloroda bolan elýeterlilik adatdan daşary ýagdaýlarda adamlaryň janyny halas edip biler, şeýle hem öýken çişme we beýleki ýiti respirator keseli bolan çagalary bejermek üçin möhüm serişde bolup durýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026