HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Täjigistana bardy

Maý 10, 2023 | 10:56 |9582
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Täjigistana geldi – diýip, Türkmenistanyň Duşenbedäki ilçihanasy habar berýär.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Täjigistana geldi – diýip, Türkmenistanyň Duşenbedäki ilçihanasy habar berýär.
Çeşme: pixabay.com

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Täjigistana geldi – diýip, Türkmenistanyň Duşenbedäki ilçihanasy habar berýär.

Saparyň öň ýanynda Duşenbede türkmen-täjik işewürlik forumy guraldy, şeýle hem başga birnäçe çäreler geçirildi.

Duşenbäniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň baştutanyny Täjigistanyň premýer-ministri Kohir Rasulzoda we beýleki birnäçe resmi adamlar garşyladylar.

Saparyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň geçirilmegine, taraplaryň onda meseleleriň giň toparyna garamagyna garaşylýar. Duşuşygyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda birnäçe täze resminamalara gol çekilmegine hem garaşylýar.

Häzirki günde Türkmenistanyň we Täjigistanyň hyzmatdaşlygy sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetini ösdürmek üçin strategiki faktor bolup durýar. Merkezi Aziýanyň ulag we energetika infrastrukturasynyň ösmeginde wajyp orun eýeleýän «Türkmenistan-Hytaý» gaz geçirijisi Täjigistanyň çäginden geçýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026