HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-nde USAID bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Maý 11, 2023 | 22:42 |13211
Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny
wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID)
Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur sebit we
milli taslamalary öňe sürmekde Türkmenistanyň USAID bilen hyzmatdaşlygynyň
häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Kaur
Aşgabada iş sapary bilen geldi – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
saýtynda habar berilýär.Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny
wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID)
Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur sebit we
milli taslamalary öňe sürmekde Türkmenistanyň USAID bilen hyzmatdaşlygynyň
häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Kaur
Aşgabada iş sapary bilen geldi – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
saýtynda habar berilýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur sebit we milli taslamalary öňe sürmekde Türkmenistanyň USAID bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Kaur Aşgabada iş sapary bilen geldi – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Taraplar Türkmenistanyň bu agentlik bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary bolan söwda-ykdysady ösüşi, bilim, saglygy goraýyş, döwlet dolandyrylyşy, kanunçylyk we hukuk ugry, sosial ulgamy, agrosenagat toplumy we ş.m. pudaklarda birnäçe bilelikdäki taslamalaryň bardygyny bellediler.

Diplomatlar USAID bilen bilelikde metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça Türkmenistan tarapyndan döredilen Iş toparynyň öňünde durýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, sanlylaşdyrmak we pes uglerodly energetika pudagyny ösdürmek ýaly ugurlaryň hyzmatdaşlygyň gün tertibinde ileri tutulýan ugurlar bolup durýandygy barada umumy pikir beýan edildi.

Şeýle hem, duşuşykda Türkmenistanyň BSG-ä girmegi bilen baglanyşykly USAID tarapyndan maslahat we tehniki goldaw meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026