HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Olimpiýa halkalary Afinydaky taryhy stadiona gaýdyp geldiler

Maý 12, 2023 | 10:28 |10484
Aýrylandan 12 ýyl geçenden soňra äpet olimpiýa halkalary häzirki zaman ilkinji Olimpiýa oýunlary geçen Afinydaky «Panatinaikos» stadionyna gaýdyp geldiler. Olar ýene-de sport toplumynyň esasy girelgesiniň aňrybaşdaky çetinde oturdyldy.Aýrylandan 12 ýyl geçenden soňra äpet olimpiýa halkalary häzirki zaman ilkinji Olimpiýa oýunlary geçen Afinydaky «Panatinaikos» stadionyna gaýdyp geldiler. Olar ýene-de sport toplumynyň esasy girelgesiniň aňrybaşdaky çetinde oturdyldy.
Çeşme: insidethegames.biz

Aýrylandan 12 ýyl geçenden soňra äpet olimpiýa halkalary häzirki zaman ilkinji Olimpiýa oýunlary geçen Afinydaky «Panatinaikos» stadionyna gaýdyp geldiler. Olar ýene-de sport toplumynyň esasy girelgesiniň aňrybaşdaky çetinde oturdyldy.

«Bu Gresiýanyň Olimpiýa komiteti üçin beýik pursatdyr. Birnäçe ýyldan soňra oýunlaryň nyşany gaýdyp geldi. Indi «Panatinaikos» stadionyna baryp görýän ähli grekler we daşary ýurtlylar ol ýerde geçen taryhy sport çärelerini ýatda saklarlar» -diýip, Gresiýanyň Milli olimpiýa komitetiniň prezidenti Sporis Kapralos aýtdy.

Taslama grek olimpiýa komitetiniň howandary - Mytilineos.SA. kompaniýasynyň goldaw bermeginde ýerine ýetirildi.

2011-nji ýylda howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilmegi sebäpli stadiondaky halkalar ýerinden aýrylypdy. Şondan bäri bu ýerde 1896-njy ýylda olimpiýa hereketiniň dörändigini diňe girelgedäki baýdaklar ýada salýardylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026