

Wolokolamskda Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan Merkezi Aziýaly esgerleriň hatyrasyna musulman merkezi açyldy
Gadymy Wolokolamsk şäherinde Merkezi Aziýada esaslandyrylan Panfilowyň 8-nji Gyzyl baýdak gwardiýa diwiziýasynyň gahrymanlarynyň görkezen edermenliginiň hatyrasyna açylan musulman ruhy we bilim merkezine Memorial derejesi berildi. Bu barada Russiýanyň metbugaty Wolokolamskyň dolandyryş merkeziniň metbugat gullugyna salgylmak bilen, habar berýär.




















