HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2024-nji ýylda Aziýanyň iri gül bazarynda işewürligiň güýçli depgini hasaba alyndy

Fewral 24, 2025 | 11:40 |6643
Hytaýyň Günorta-Günbataryndaky Kunmin şäherinde ýerleşýän Aziýanyň Dounan iri gül bazarynda 2024-nji ýylda işewürligiň möhüm ösüşi hasaba alyndy diýip, Sinhua agentligi habar berýär.Hytaýyň Günorta-Günbataryndaky Kunmin şäherinde ýerleşýän Aziýanyň Dounan iri gül bazarynda 2024-nji ýylda işewürligiň möhüm ösüşi hasaba alyndy diýip, Sinhua agentligi habar berýär.
Çeşme: russian.news.cn

Hytaýyň Günorta-Günbataryndaky Kunmin şäherinde ýerleşýän Aziýanyň Dounan iri gül bazarynda 2024-nji ýylda işewürligiň möhüm ösüşi hasaba alyndy diýip, Sinhua agentligi habar berýär.

Gül söwdasynyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 5 % artyp, 14,18 mlrd sana ýetdi. Bu bazardaky geleşikleriň bahasy 11,57 mlrd ýuana deň boldy (takmynan, 1,61 mlrd ABŞ dollary). Bu bazar eýýäm 25 ýylyň dowamynda hem möçberi, hem gül geleşikleriň bahasy boýunça Hytaýda öňdebaryjy orunlary eýeleýär.

Dounan täze kesilen güller söwdasy boýunça dünýäniň ikinji iri merkezidir. Ol tutuş ýurt boýunça, şeýle hem 50-den gowrak ýurdy we sebiti güller bilen üpjün edýär.

Dounanda gül senagatynyň ösmegi 1983-nji ýylda başlap, şol döwürden bäri ep-esli derejede ösüp, Aziýanyň iri bazaryna öwrüldi. Häzirki wagtda Hytaýdaky täze kesilen gülleriň 70 % golaýy hut şu etrapdan gelip gowuşýar.

2025-nji ýylda ýurtda gül senagaty söwdasynyň möçberi 300 mlrd ýuana ýetip, 2035-nji ýyla çenli bolsa 700 mlrd ýuandan gowrak boljagyna garaşylýar. Munuň özi dünýäniň gül bazarynda Hytaýyň barha ösýän ornuny görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026