HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BMG deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça maslahata taýýarlyk görýär

Fewral 24, 2025 | 22:40 |11678
24-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi24-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

24-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen BMG we onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň konstruktiw we köpýyllyk tejribesini nygtadylar we Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan ýylda bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatyna (Landlocked developing countries – LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

24022025-turkmenistan-LLDC (1).jpg

Raşid Meredow we Rabab Fatima dünýä möçberindäki bu çäräniň ähmiýetini nygtadylar we maslahatyň gün tertibi, protokol-guramaçylyk meseleleri, şol sanda Jemleýji we beýleki resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler bu maslahatyň Türkmenistanyň milli bähbitlerine we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän, ulag we sanly arabaglanyşygy we söwda hyzmatdaşlygyny gowulandyrmak arkaly durnukly ösüş, ekologiýa we azyk howpsuzlygy ugurlarynda anyk hereketler üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdiler.


32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografiki ýerleşişi, olaryň ykdysady ösüşi üçin çagyryşlaryň toplumyny döredýär. Jemi 500 milliondan gowrak ilaty bilen bilelikde, olaryň deňiz söwda ýollaryndan we esasy dünýä bazarlaryndan uzaklygy, ýokarlandyrylan ulag çykdajylary, serhetlerdäki logistika meseleleri hem-de goňşy döwletleriň syýasy durnuklylygyna we söwda syýasatlaryna garaşlylygy ýaly bilen birnäçe kynçylyklary döredýär. Bu ýagdaý olary ählumumy söwda ulgamynda has kynçylykly ýagdaýda goýýar we bu geografiki çäklendirmeleri ýeňip geçmek üçin ýörite strategiýalary gözlemegi talap edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026