

Aşgabatda “Ýeňiş diktanty” atly halkara wagyz-watansöýüjilik çäresi geçirildi
2025-nji ýylyň 25-26-njy aprelinde “Ýeňiş diktanty” atly halkara wagyz-watansöýüjilik çäresi geçirildi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.


2025-nji ýylyň 25-26-njy aprelinde “Ýeňiş diktanty” atly halkara wagyz-watansöýüjilik çäresi geçirildi. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.


Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt edarasy TB-RRIS maglumat ulgamynyň ulanylmagyna bagyşlanan seminary geçirdi.


Türkmenistanyň Kazan şäherindäki (RF) Baş konsuly Güýç Garaýew Tatarystanyň paýtagtynda akkreditlenen beýleki diplomatlar bilen bilelikde “Hoşniýetli Kazan” awtonom täjirçilik däl guramasynyň koworking merkezine baryp gördüler. Ol ýerde haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada “Tatar-inform” habarlar agentligi belleýär.


28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany kabul etdi


27-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Monako Knýazlygynyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzuny kabul etdi


2025-nji ýylyñ 21-nji aprelinde Ulan-Bator şäherinde Türkmenistanyñ Mongoliýadaky (hemişelik oturýan ýeri - Pekin ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýewiñ Mongoliýanyñ prezidenti Uhnagiýn Hurelsuha ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu waka iki ýurduñ arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.


Türki döwletler ilkinji bilelikdäki hemrasyny goýbermäge taýýarlanýar. Degişli ylalaşyk Türki döwletleriň guramasyna agza-ýurtlarynyň Kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň dördünji duşuşygynyň dowamynda gazanyldy.


2025-nji ýylyñ 23-nji aprelinde Sankt-Peterburgyñ döwlet kino we teleýaýlymlar institutynda geçirilen maslahatynda Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ (GDA) agza ýurtlary üçin Intellektual eýeçiligiň kodeksi bilen tanyşdyryldy. Bu çäre 26-njy aprelde bellenilýän Halkara intellektual eýeçiligi güni mynasybetli geçirildi.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Samarkand şäherine sapary tamamlandy.


Şu gün, 24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Samarkand şäheriniň halkara syýahatçylyk merkezinde gurnalan “Wagtyň salgymlary” atly sergä baryp gördüler.


Şu gün Samarkand şäherinde, türkmen-özbek gepleşikleri tamamlanandan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – “Oliý Daražali Dustlik” ordeniniň (“Ýokary derejeli dostluk”) dabaraly ýagdaýda gowşurylyşy boldy.


24 -nji aprelde, penşenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dar düzümde we resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirdi.


23-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen bardy


23-nji aprelde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniñ, Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniñ we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň gurnamagynyda Türkmenistanda yglan edilen «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäresiniň ýeňijilerini syglaglamak dabarasy geçirildi.


Şu gün, 23-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Yssyk-Kul sebitiniň Baktuu-Dolonotu obasyndaky ippodromda gyrgyz milli at üstündäki oýunlar görkezildi