Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA ýurtlary üçin Intellektual eýeçiligiň kodeksi bilen tanyşdyryldy

Aprel 25, 2025 | 10:53 |3959
2025-nji ýylyñ 23-nji aprelinde Sankt-Peterburgyñ döwlet kino we teleýaýlymlar institutynda geçirilen maslahatynda Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ (GDA) agza ýurtlary üçin Intellektual eýeçiligiň kodeksi bilen tanyşdyryldy. Bu çäre 26-njy aprelde bellenilýän Halkara intellektual eýeçiligi güni mynasybetli geçirildi.2025-nji ýylyñ 23-nji aprelinde Sankt-Peterburgyñ döwlet kino we teleýaýlymlar institutynda geçirilen maslahatynda Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ (GDA) agza ýurtlary üçin Intellektual eýeçiligiň kodeksi bilen tanyşdyryldy. Bu çäre 26-njy aprelde bellenilýän Halkara intellektual eýeçiligi güni mynasybetli geçirildi.
Çeşme: reasons-law.ru

2025-nji ýylyñ 23-nji aprelinde Sankt-Peterburgyñ döwlet kino we teleýaýlymlar institutynda geçirilen maslahatynda Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ (GDA) agza ýurtlary üçin Intellektual eýeçiligiň kodeksi bilen tanyşdyryldy. Bu çäre 26-njy aprelde bellenilýän Halkara intellektual eýeçiligi güni mynasybetli geçirildi.

Maslahat "Geljek üçin intellektual eýeçilik" atly VI Halkara forumynyñ bir bölegi boldy.

Awtorlyk hukuklaryny dolandyrmagyñ derwaýys meseleleri baradaky maslahatlaşmalara GDA-nyñ Parlamentara assambleýasynyñ Hemişelik komissiýasynyñ medeniýet, maglumat, syýahatçylyk we sport boýunça sekretary Igor Minin gatnaşdy. Ol 2024-nji ýylyň noýabrynda kabul edilip, milli kanunçylygyñ intellektual eýeçiligi babatynda mümkinçiliklerini giñeldÿän Kodeksiñ täze redaksiýasy barada gürrüñ berdi.

Resminamada intellektual eýeçiligiň obýektleriniñ görnüşleri, olaryñ hukuk goraglylygynyñ şertleri we intellektual hukuklaryñ subýektleriniň düzümi tassyklanylýar. Hukuk goraglylygyñ obýektleriniñ sanawyna jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýän kompýuter ulgamlaryñ we emeli añyñ işleriniñ netijeleri hem girizildi.

Maslahatda döredijilik sungatynda awtorlyk hukugy, eserlerden erkin peýdalanmak we taslama işiniñ intellektual önümleriñ hukuk goraglylygynyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Hindi kino festiwaly geçiriler

Aşgabatda Hindi kino festiwaly geçiriler

07:03 Awgust 08, 2026
Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

06:07 Awgust 08, 2026
Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

06:02 Awgust 08, 2026