HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti gepleşikleri geçirdi

Aprel 24, 2025 | 15:15 |5377
24 -nji aprelde, penşenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dar düzümde we resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirdi.24 -nji aprelde, penşenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dar düzümde we resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirdi.
Çeşme: president.uz

24 -nji aprelde, penşenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew dar düzümde we resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirdi.

“Silk Road Samarkand” toplumynyň Kongres merkezinde geçirilen duşuşygyň başynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamy we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Gepleşikleriň dowamynda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de berkitmek bilen baglanyşykly häzirki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gatnaşyklaryň ähli ugurlarynda, şol sanda syýasy, parlamentara, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraply hyzmatdaşlygyň depginli ösüşi çuňňur kanagatlanma bilen bellenildi diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň web sahypasynda habar berilýär.

“Netijeli dialog ähli derejelerde alnyp barylýar. Hökümetara toparyň mejlisi, işewürlik geňeşi, sebitleýin forumlar, medeniýet günleri, sergiler we beýlekiler yzygiderli geçirilýär. Geçen ýyl özara söwda dolanyşygy 1,1 milliard dollara deň boldy. Paýtagtlarda söwda öýleri döredildi we ýük daşamagyň mukdary artdyrylýar. Ýakyn ýyllarda söwda mukdaryny 2 milliard dollara ýetirmek boýunça öňde wezipeler goýuldy” – diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle hem energetika, ulag, oba hojalygy we suw hojalygy hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösýändigi bellenildi. Bilelikde “Şawat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagy döredilýär. Işjeň sebitara gatnaşyklar ýola goýuldy we medeni-ynsanperwer alyş-çalşygyň maksatnamasynyň uly toplumy durmuşa geçirilýär.

Şu ýyl Hywa şäherinde üçünji sebitara forumyny we Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew sebitleýin hyzmatdaşlygyň gün tertibi, şol sanda “Merkezi Aziýa +” görnüşinde öňde boljak sammitlere we Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk barada pikir alyşdylar.

Şawkat Mirziýoýew, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Forumyň şeýle hem beýleki halkara çäreleriň ähmiýetini aýratyn belledi.

Duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine “Hakyda göwheri” atly kitabynyň özbek dilindäki neşirini sowgat berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026