Habarlar

Türkmenistan we ÝB metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge ylalaşdylarTürkmenistan we ÝB metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge ylalaşdylar

Türkmenistan we ÝB metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge ylalaşdylar

ÝB-niň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Josep Borrell anna güni Samarkantda geçirilen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky özara baglanyşyk boýunça maslahatda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Noýabr aýynyň ahyrynda geljek ýyly “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek barada Kararnamanyň  kabul edilmegine garaşylýarNoýabr aýynyň ahyrynda geljek ýyly “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek barada Kararnamanyň  kabul edilmegine garaşylýar

Noýabr aýynyň ahyrynda geljek ýyly “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek barada Kararnamanyň kabul edilmegine garaşylýar

BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2023-nji ýyly halkara derejede “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýip yglan etmek barada Kararnamanyň noýabr aýynyň ahyrynda kabul edilmegine garaşylýar – diýip, Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew penşenbe güni Samarkantda geçirilen Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşiginiň döwletleriniň daşary işler ministrleriniň 18-nji duşuşygynda aýtdy.

Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa GDA-daky kärdeşleri bilen adam hukuklary barada pikir alyşdyTürkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa GDA-daky kärdeşleri bilen adam hukuklary barada pikir alyşdy

Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa GDA-daky kärdeşleri bilen adam hukuklary barada pikir alyşdy

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarlandyrylan Ýazdursun Gurbannazarowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky kärdeşleri bilen GDA-nyň ombudsmenleriniň Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bölüminde geçirilen mejlisinde raýatlaryň adam hukuklaryny we bähbitlerini goramak meselesini ara alyp maslahatlaşyldy. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasy habar berýär.