HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe rus we türkmen gazyny Ýewropa ibermek mümkiçiligine eýedir - Ärdogan

Dekabr 16, 2022 | 01:47 |8638
Türkiýäniň prezidenti Taýyp Ärdogan Türkiýäniň rus we türkmen gazyny Ýewropa ibermek mümkiçiligine eýedigini aýtdy, munuň özi Ankara üçin möhüm ädimdir. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.Türkiýäniň prezidenti Taýyp Ärdogan Türkiýäniň rus we türkmen gazyny Ýewropa ibermek mümkiçiligine eýedigini aýtdy, munuň özi Ankara üçin möhüm ädimdir. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
Çeşme:

Türkiýäniň prezidenti Taýyp Ärdogan Türkiýäniň rus we türkmen gazyny Ýewropa ibermek mümkiçiligine eýedigini aýtdy, munuň özi Ankara üçin möhüm ädimdir. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Oktýabrda Russiýanyň prezident Wladimir Pitin Russiýanyň gazyň “Demirgazyk akymlardan” üstaşyr iberilişini Gara deňiz sebitine we Türkiýä geçirip biljekdigini aýdypdy. Rus lideri bu pikiri Türkiýäniň prezidenti bilen ara alyp maslahatlaşdy, olar meseläniň üstünde jikme-jik we tiz işlemegi tabşyrdylar. Soňra Ankara taslamanyň çäklerinde gaz paýlaýjy merkeziň ýurduň ýewropa böleginde, Frakiýada ýerleşjekdigini, ýol kartasynyň bolsa ýylyň ahyryna çenli işlenilip taýýarlanylyp bilinjekdigini beýan edipdi.

Eger-de Türkmenistanyň öz tebigy gazyny göni Ýewropa satyp bilmek mümkinçiliginiň bardygy ýa-da ýokdugy barada aldylsa, onda Türkiýe türkmen gazyny Ýewropa satmak üçin, elbetde, möhüm halka bolup durýar. “Rus tebigy gazyny biziň üstümiz bilen Ýewropa satmak bilen bagly ýakynda bolan wakalar hem (RF-niň prezidenti tarapyndan teklip edien gaz paýlaýjy merkeziň taslamasyny göz öňünde tutýar), türkmen gazynyň hem biziň üstümiz bilen satylmagy, elbetde, möhüm ädimler bolar” diýip, Ärdogan Türkmenistandan gaýdyp gelýärkä, üçaryň üstünde žurnalistlere beren gürrüňinde aýtdy.

Onuň sözlerine görä, türkmen gazynyň Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa iberilmegini amala aşyrmak üçin “Aşgabadyň Baku bilen meseläni çözmegi” zerur.

Ýöne, şu ýerde bir ädim ätmek gerek. Bu näme? Häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarýaka çäkleri hökmünde Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen bu meseläni çözmegi baradaky mesele durýar” diýip, ol nygtady.

Nury AMANOW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026