HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgazsenagatynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady

Dekabr 15, 2022 | 15:27 |5481
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň zähmetkeşlerini we geologiýa pudagynyň işgärlerini hünär baýramçylygy — Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen gutlady. Gutlaglar şu gün resmi türkmen metbugaty tarapyndan çap edildi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň zähmetkeşlerini we geologiýa pudagynyň işgärlerini hünär baýramçylygy — Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen gutlady. Gutlaglar şu gün resmi türkmen metbugaty tarapyndan çap edildi.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň zähmetkeşlerini we geologiýa pudagynyň işgärlerini hünär baýramçylygy — Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen gutlady. Gutlaglar şu gün resmi türkmen metbugaty tarapyndan çap edildi.

Döwlet Baştutany gutlagynda Türkmenistan üçin nebit-gaz pudagynyň ösüşiniň möhümdigini belläp, bupudagyň diwersifikasiýa edilmeginiň, şeýle hem täze döwrebap önümçilik desgalarynyň döredilmegi arkaly infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň ileri tutulýandygyny nygtady.

Şeýle hem täze uglewodorod ýataklaryny öwrenmäge, olary çuňňur burawlamaga we guýulary ösdürmäge, halkara ülňülerine laýyk gelýän täze önümleriň öndürilmegine we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygy ösdürmäge uly üns berilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow özüniň gutlaghatynda: «Türkmenistan tarapyndan gurulýan gaz geçirijileri sebitdäki parahatçylygy berkitmäge, ykdysady hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga, müňlerçe täze iş ýerlerini döretmäge, ösen senagat goldaw ulgamlaryny döretmäge ýardam berer» — diýip,belledi.

Nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynyň işgärleriniň baýramy Türkmenistanda 2010-njy ýyldan bäri her ýylyň 14-nji dekabrynda bellenilip geçilýär. Baýramyň senesi tötänleýin saýlanmady — şol gün 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda ýokary kuwwatly gaz geçiriji bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi işe girizilipdi.

ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026